Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiprde saklanan türkmen migrantlarynyň tussaglyk möhletleri uzaldyldy


Türkiýe. Saklanan migranty alyp barýan polisiýa ofiseri.
Türkiýe. Saklanan migranty alyp barýan polisiýa ofiseri.

Demirgazyk Kiprdäki Kiriniýa şäheriniň Alsanjak awtomagistralynda türkmenistanly migrant Azamat Rajapowyň ölümine sebäp bolan ýol heläkçiligi hadysasyndan soň tussag edilen ulag sürüjisi Rüstem Hudaýberdiýew barada geçirilýän derňew işi tamamlandy.

Kiriniýa kazyýetiniň sülçüsi Mesut Mesutoglu 9-njy iýulda, bazar güni türkmenistanly migrantlaryň gatnaşmagynda bolan ýol heläkçiligi hadysasynda ölüme sebäp bolmakda aýyplanýan türkmen migranty Rüstem Hudaýberdiýewiň sud işi doly tamamlanýança 2 aý möhleti bilen tussaglykda saklanmagyna karar berdi.

"Hawadis Kybrys" gazetiniň habaryna görä, Kiriniýa polis müdirliginiň ýol polisiýasy bölüminde işleýän polisiýa seržanty Murat Ýylmaz kazyýete beren düşündirişinde "FU 135" belgili awtoulagy aşa gaty süren türkmen migrantynyň perwaýsyz hereket edendigini nygtapdyr.

Polisiýa seržanty Ýylmaz, ýol heläkçiligi hadysasynda türkmenistanly migrant Azamat Rajapowyň wakanyň bolan ýerinde aradan çykandygyny, ulagyň içindäkilerden Nurymyrat Mammetgulyýewiň agyr ýaralanandygyny we ulagyň sürüjisi Rüstem Hudaýberdiýew bilen Derkarjan Çaryýewiň bolsa ýaralanman, sag-aman gutulandygyny bildirdi.

Agyr ýaralanan Nurymyrat Mämmetgulyýewiň Nikosiýa döwlet hassahanasynda bejergi alyp çykandygyny aýdan polisiýa seržanty Ýylmaz Demirgazyk Kiprde iş rugsady bilen ýaşaýanol türkmen migranty baradaky derňew işiniň hem doly tamamlanandygyny aýtdy.

Beýleki tarapdan, Demirgazyk Kipr mediasynda çykan habarlarda 8-nji awgustda Nikosiýada ulag sürüp barýarka özünden gidip, ýol heläkçiligi hadysasyna sebäp bolan we ýanynda neşe maddalary tapylan türkmenistanly migrant Ygtyýar Hemraýew baradaky derňew işiniň hem dowam edýändigi aýan edilýär.

"Hawadis Kybrys" gazetiniň ýazmagyna görä, golaýda türkmen migranty Hemraýewiň tussaglyk möhletiniň uzaldylmagy barasynda Nikosiýa kazyýetinde gaýtadan sud işi geçirildi. Sülçi Jenkaý Inan aýyplanýan türkmen migrantynyň derňew işi doly tamamlanýança tussaglykda saklanmagyna karar berdi.

Ýene "Hawadis Kybrys" gazetiniň habar bermegine görä, Demirgazyk Kipriň Gönýeli diýen ýerinde geçen hepde Süleýman Ýylkar atly bir adam bilen bir markete girip ogurlyk eden we soň Nikosiýanyň polisiýasy tarapyndan ele salnan 17 ýaşyndaky A.E. atly ýetginjek türkmen migrant 19-njy iýulda Nikosiýada bolan kazyýet seljerişliginden kepilnama bilen goýberilipdi.

Ondan soň ol ikisiniň gaýtadan Kiriniýada ogurlyk edendigi anyklanýar. Ondan soň 17 ýaşyndaky türkmenistanly ýetginjek migrant bilen Süleýman Ýylkar atly ýarany Kiriniýa kazyýetinde ýapyk ýagdaýda sud edilýär. Kazyýet türkmenistanly migrantyň kämillik ýaşyna ýetmändigi üçin sud işiniň ýapyk ýagdaýda geçirilýändigine üns çekip, onuň mundan owal hem 2 sany sud işiniň bolandygyny mälim edýär. Kazyýet, derňew işi doly tamamlanýança, ogurlykda aýyplanýanlaryň tussaglykda galmagyna karar berýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Demirgazyk Kipr, Türkmenistan bilen diplomatiki gatnaşygy bolmansoň, türkmen migrantlarynyň köne türkmen pasporty bilen ýaşaýyş ýa-da iş rugsadyny alyp, ýurtda galmagyny kabul edýär. Türkiýede köne pasportly bikanun ýagdaýda galan türkmen migrantlarynyň käbiri hem bu sebäpden Demirgazyk Kipre ýykgyn edýär.

Ýokarda ady agzalan türkmen migrantlarynyň ykballary barasynda degişli taraplardan haýsam bolsa bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

XS
SM
MD
LG