Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda sowet döwrüniň meşhur aýdymçysy Wiktor Tsoýyň ýadygärligi açyldy


Wiktor Tsoý, 31-nji mart, 1988

Gazagystanyň Karagandy şäherinde sowet döwrüniň meşhur rok aýdymçysy Wiktor Tsoýyň ýadygärligi açyldy.

26-njy awgustda geçirilen dabara aýdymçynyň kakasy gatnaşdy.

Tsoý we onuň “Kino” atly rok topary 1980-nji ýyllaryň aýagynda Sowet Soýuzynda örän meşhurdy. Onuň aýdymlary azatlygyň we syýasy özgerişlikleriň simwolyna öwrülipdi.

Wiktor Tsoý 1990-njy ýylyň 15-nji awgustynda ulag heläkçiliginde ýogaldy.

Wiktor Tsoý özüniň “Gün atly ýyldyz” atly meşhur aýdymyny 1988-nji ýylda Almaty şäherinde ýazga alypdy. Onuň kakasy Robert Tsoý 1938-nji ýylda Gazagystanda doguldy.

Almatynyň häkimiýetleri Tsoýyň ýadygärligini sentýabr aýynda açmagy planlaşdyrýandygyny şu ýylyň başynda mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG