Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Jemagat hojalygy edaralarynyň işgärlerinden pul ýygnalýar


Aşgabat şäheriniň Jemagat hojalygy edaralarynyň birinde işleýän zenanlar
Aşgabat şäheriniň Jemagat hojalygy edaralarynyň birinde işleýän zenanlar

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli ençeme edaranyň işgärleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 200 manat bermäge borçly edildiler diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýazýar.

Neşiriň 27-nji awgustda çap eden maglumatyna görä, bu puluň 150 manady Aziadanyň açylyş dabarasynyň biletleri, galan 50 manady bolsa, adamyň şahsyýetini tanatmaga niýetlenen döşüňe dakylýan ýörite belgi üçin ýygnalýar.

“Işgärlerden puly aldaw ýoly bilen alýarlar. Mundan bir hepde çemesi öň işgärleriň ählisinden, olaryň Aşgabatda ýazga durandyklary hakyndaky maglumatlary barlamak üçin diýlip, pasportlaryny getirmek talap edilýär. Şondan soň, olara dokumentleri yzyna almak üçin, Aziýa oýunlaryna hökmany pul tabşyrmalydyklary, ýogsam olaryň işden kowuljakdyklary duýdurylýar” diýip, neşir Köpetdag etrabyna garaşly Jemagat hojalygy edarasynyň işgärine salgylanyp ýazýar.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri hem tassyklaýarlar, ýöne onuň möçberiniň 100-120 manat aralygyndadygyny aýdýarlar.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Köpetdag etrabyna garaşly Jemagat hojalygynyň we 14-nji öý dolandyryş edarasynyň işgärleriniň 10-a golaýy özlerinden ýygnalan pullaryň Aziýa oýunlary üçin däl-de, tehniki instrumentler üçin diýlip alnandygyny belleýär.

“Şu aýyň 8-den bäri bizden pil, sübse we şuňa meňzeş tehniki instrumentler üçin diýip pul ýygnaýarlar. Azrak aýlyk alýanlara 100 manat, köpräk aýlyk alýanlara 120 manat möçberinde pul tabşyrmaly diýildi. Bu zatlary almak üçin şu güne çenli döwlet býujetinden ýörite maliýe serişdesi goýberilýärdi. Onsoň işgärleriň ählisi diýen ýaly ýolbaşçylaryň bu puly öz jübülerine urmak üçin ýygnaýandygyny bilýär. Ýöne köpimiz welaýatlardan gelen işçiler bolanymyz üçin, işden kowulaýmaly diýip, sesimizi çykaryp bilmedik” diýip, Köpetdag etrabyna garaşly Jemagat hojalygy edarasynyň işgäri gürrüň berdi.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran bu işgär ýolbaşçylaryň pul ýygnamak çäresiniň mundan ozal hem bolandygyny, ýöne özlerinden ilkinji gezek şeýle uly möçberde pul alnandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosy bu mesele dogrusynda, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi, Köpetdag etrap häkimligi we 14-nji öý dolandyryş edarasy bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Aziýa oýunlaryna “meýletin gatanç” diýlip, döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň, şol sanda çagalar bagynyň terbiýeçileriniň zähmet haklaryndan saklanylyp alynýandygy we türkmen telekçileriniň döwletiň haýryna uly möçberde maliýe serişdesini geçirmäge mejbur edilýändigi baradaky maglumatlar mundan bir ýyl çemesi öň peýda bolup başlady.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan gurluşyk kärhanalarynyň birnäçesiniň eýesi Aziýa oýunlary üçin “meýletin” diýilýän mejbury pul hemaýatyny etmek barada döwlet tarapyndan berlen görkezme sebäpli öz işini togtadyp, firmalaryny ýapmaga mejbur bolandyklaryny gürrüň beripdi.

Mundanam başga, şu ýylyň 12-nji martynda “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri Türkmenistanyň syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurtda syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalaryna ugradylandygy aýdylýan hatyň nusgasyny çap etdi.

Şu ýylyň 25-nji fewralynda bu komitetiň başlygy Serdar Çolukow tarapyndan gol goýlan şol hatda döwlet we hususy kärhanalaryň işgärleriniň Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna ‘meýletin gatanç’ etmekleri barada prezidentiň ýörite kararynyň bardygy aýdylýar.

Dünýäde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň aşaklamagy bilen bagly agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan Türkmenistanyň bu oýunlara sarp edýän maliýe serişdesi barada kelam söz aýdylmaýar.

Emma Türkiýäniň “Polimeks” gurluşyk kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Aşgabatda bu oýunlara gabatlanyp gurlan täze halkara aeroportyň gurluşygy üçin 2,3 milliard amerikan dollary we olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy üçin 5 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesi harçlandy.

XS
SM
MD
LG