Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Londonyň "Big Ben" atly esasy sagady 4 ýyllyk togtadylyp bilner


Londonyň "Big Ben" sagady
Londonyň "Big Ben" sagady

Britaniýanyň primýer-ministri Tereza Maý Britaniýanyň mejlisiniň ýanyndaky sagadyň 4 ýyllap togtadylmagynyň gelşikli bolmajagyny aýdýar.

Şeýlelikde, primýer-ministr "Londonyň sesi" diýip atlandyrylýan we sagadyň togtadylmagyna garşy çykýan syýasatçylara öz raýdaşlygyny bildirýär.

157 ýyldan bäri her sagatda jaň kakan sagadyň we diňiň bejerilmegi baradaky tagallalaryň netijesinde, onuň wagtlaýynça duruzylmagy barasynda karara gelnipdir.

Bilermenler hem ol ýerde bejergi işleriniň dowam edýän mahaly sagat jaňynyň işçileriň howpsuzlygyna zeper ýetirip biljekdigine üns çekýärler.

Kärdeşler arkalaşygynyň saglygy saklaýyş baradaky wekili Hugh Robertson 14 tonna agramy bolan jaňyň ýanynda işlemegiň adam üçin hatarly boljagyny nygtaýar. Ol jaňyň sesiniň güýjüniň 120 desibele baryp ýetýändigini aýdýar.

"Bu sagadyň ýanynda durmak, gulagyňa polis sirenasyny sokmak ýalydyr" diýip, Robertson belleýär.

Britaniýanyň primýer-ministri zenan Maý "Reuters" habar gullugyna beren beýannamasynda bolsa "Elbetde, adamlaryň howpsuzlygy iň esasy meseledir. Ýöne "Big Ben" sagadynyň 4 ýyl möhlet bilen togtadylmagy gelşikli bolmaz. Mejlisiň geňeşçisi bu meseläni ýagşy gözden geçirer diýip umyt edýärin we geljek 4 ýylda hem "Big Beniň" jaňlary eşidiler" diýipdir.

"Big Ben" sagadynyň jaň sesi ýurduň esasy teleradio guramasy bolan BBC-niň habarlar gepleşiginiň sazyna goşulypdyr we britaniýalylar dünýäniň niresinde bolsalaram, ony eşitmegi adat edinipdirler.

"Ýelizabeta diňi" diýip atlandyrylýan ol ymaratlar toplumy bilen onuň üstünde seleňläp duran sagat Britaniýanyň suratlarynda iň köp orun alýan jaý hasaplanýar.

Winston Çerçiliň heýkeli "Big Ben" sagat diňiniň ýanyndadyr

Başga resmiler bolsa "Big Ben" sagadynyň togtadylmagyny has berk tankyt edipdirler. Britaniýanyň ÝB-den aýrylmagy meselesine garaýan - Breksit ministri Deýwid Deýwis, ýurtdaky esasy sagadyň togtadylmagyna "samsyklyk" diýip baha beripdir.

Başga bir konserwator halk wekili Nigel Ewans bolsa, sagadyň jaňynyň her agşam oňaryş işleri gutarandan soň işledilmegini teklip edipdir.

Äpet sagadyň garawuly Stiw Jeýgs "Big Beniň" 21-nji awgustda sagat 11-de ahyrky gezek jaň çalyp, togtadyljakdyny habar beripdi. Ol jemgyýeti öwrenşen jaň sesi bilen dört ýyllap hoşlaşmak dabarasyna çagyrypdyr.

Kabul edilen karara görä, "Big Ben" 2021-nji ýylda gaýtadan işläp başlar. Bejeriş işleri dowam edýän mahaly sagadyň diňe täze ýyl gijesinde jaň çalmagy göz öňünde tutulýar.

"Big Ben" Westminister köşgüniň demirgazyk burçunda ýerleşýän äpet janyň lakamydyr. Ol at şol bir wagtyň özünde sagada we onuň diňine berlen lakamdyr.

Owalky döwürlerde diňe "Sagat diňi" diýip atlandyrylan diňiň ady 2012-nji ýylda şa zenan Ýelizabeta 2-niň "briliant ýubileýi" mynasybetli üýtgedilip, "Ýelizabeta diňi" diýen ada eýe bolupdy. Ýöne ol täze ady hiç kim ulanmandyr.

1859-njy ýylda hyzmata girizilende "Big Ben" sagady dünýäniň iň takyk işleýän diňli sagady hasap edilipdir.

"Big Ben" (Äpet Ben) diýen adyň ol sagat diňine nähili dakylandygy barasynda dürli gep-gürrüňler bar. Käbir taryhçylaryň çaklamagyna görä, bu at lord Benjamin Hall bilen ilteşiklidir. Sebäbi ol sagadyň diňe oturdylmagyna jogapkär bolupdyr. Ýöne köpçülik hiç wagt bu garaýyşlary kabul etmändir.

XS
SM
MD
LG