Sepleriň elýeterliligi

Hindistan: Üç gezek 'talak' diýip nikany bozmak gadagan edildi


Arhiwden alnan surat

Hindistanyň ýokary kazyýeti musulmanlaryň "üç talak" diýip atlandyrylýan nikany bozmak usulyny gadagan edipdir.

Ýüzlerçe ýyl taryhy bolan bu nikany bozmak adatynda, erkek adama arapça "aýrylyşmak" manyny berýän "talak" sözüniň 3 gezek gaýtalanmagy bilen aýalyndan aýrylmaga mümkinçilik berilýär.

Ýokary kazyýet köpçüligiň ürç edip yzarlaýan bu meselesini maslahatlaşmak üçin, ýörite bir tomus sessiýasyny geçiripdir. Baş sülçiniň sözüne görä, adaty ýagdaýda şeýle meseleler bilen baglanşykly geňeşler ençe ýyla çekýär.

Primýer-ministr Narendra Modi "Twitter" sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda muňa "taryhy karar" diýip baha beripdir.

"Biz bu karara el çarpyp, ýokary baha berýäris. Eýýäm 10 ýyldan bäri halkyň ýüzden 8 göterimi onuň gadagan edilmegi üçin, alada baryny edip geldi. Bu döredilen diýseň ullakan ýeňillikdir" diýip, Hindistanyň musulman zenanlar hereketiniň (BMMA) gurujusy Nurjehan aýdýar.

Hindistan dünýäniň iň köp musulman ilatly iň uly ýurdy. Ýöne Pakistan we Bangladeş bilen Indoneziýa ýaly käbir musulman ýurtlar has köp musulman ilatly beýleki ýurtlardan tapawutly ýagdaýda henizem nikany bozmak üçin "üç talak" usulyny ulanmagy dowam edýärler.

"Talak" baradaky jedeller az däl. Yslam dinine görä, bu birnäçe hepdäniň dowamynda, oýlanyşykly ýagdaýda, ýagşy niýet bilen çykarylan karar hasaplanýar.

Ýöne gündelik durmuşda erkek adamlar şeýle karary ýagşy oýlanyp durman berýärler we şonuň üçinem köplenç bu olaryň maşgala durmuşyna oňaýsyz täsirini ýetirýär. Erkek adamlar köplenç şeýle işi gahar-gazaba berlende edýär. Kämahal bolsa erkek adamlar muny hatda "Whatsapp" sosial ulgamynyň üsti bilen amala aşyrýarlar.

Jaýpur şäherinden bolan 30 ýaşyndaky Farha bu adatdan zyýan gören köpsanly zenandan biridir. Farhanyň adamsy 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda baýram wagty ondan aýrylyşypdyr. Erkek adam öz gyzynyň salýut almak üçin özünden bäş rupiýa pul soramagyna gahar edip, üç gezek "talak" diýip gygyrypdyr.

Farhanyň adamsy briliant söwdasy bilen meşgullanýan şereketde işleýänem bolsa, öz aýalyna hiç hili maddy miras goýman, ony ýekeligine taşlap gidipdir. "Aýrylyşandan bäri maňa ýekeje rupiýa hem bermedi" diýip, Farha CNN-e beren interwýusynda aýdypdyr. Puly bolmany sebäpli ol owalky adamsynyň öýünden hiç ýere gidip bilmändir.

Talak resmi ýagdaýda gadagan edilmedik döwründe şeýle kazyýet işlerine garamak diýseň kyn hem çylşyrymly bolupdyr. Şonuň üçinem Farha Hindistanyň musulman zenanlar hereketi BMMA-dan kömek sorapdyr. Soň ol guramanyň goldawy bilen nikanyň bozulmagy işini resmi edaralara ýetirmegi başarypdyr. Guramanyň tagallasy bilen äri oňa aliment tölemäge mejbur edilipdir.

Mart aýynda "3 gezek talak" diýip nikany bozmak adatyna garşy başladylan gol ýygnama tagallasyna millionlarça zenan goldaw beripdir. Ýöne bu Hindistanyň ýokary kazyýetine talak bilen baglanyşykly edilen ilkinji arza-şikaýat däl.

Baryp 1985-nji ýylda Şa Bano atly bir zenan Hindistanyň ýokary kazyýetinde özüne hiç hili aliment tölemän aýrylyşan adamsyna garşy sud işini gozgapdy. Ýaşuly wekil 70 ýaşyndaky owalky aýalyna hiç zat tölemejegini aýdypdyr. Kazyýet onuň aýalynyň bähbidine karar kabul edenem bolsa, musulman ýolbaşçylary bu karary yslama garşy äsgermezçilikli ädim hasap edipdirler. Olar hökümeti dini kanunlar bilen çözülmeli ugurlara öz kanunlaryny sokmak bilen aýyplapdyrlar.

Hindistanda maşgala meseleleri bilen baglanşykly her jemgyýetiň öz hususy kada-kanunlary bar. Bu ugurda hindiler öz dini çeşmelerine, haçparazlar Injile, musulmanlar hem Kurhana eýerýärler.

Hukukşynas alym Tahir Mahmud, umuman, gündelik durmuşda "Hindistanyň maşgala hukuk ulgamynyň diýseň bulaşykdygyny" öňe sürýär.

Hindistan garaşsyzlyk alandan bäri köpsanly syýasatçy "Umumy raýat kodeksi" atly kanunyň doly durmuşa geçirilmegi barada teklip hödürleýärler. Ol kanun tutuş ýurtdaky hemme raýatlaryň ýeke-täk ulgamda birleşdirilmegini göz öňünde tutýar. Hindistanyň häzirki hökümeti hem bu kanuny goldaýar.

Täze kabul edilen kazyýet kararyna garşy çykýanlar üç talak adatynyň gadagan edilmeginiň öz dini hukuklarynyň ýok bolmagyndan we "Umumy raýat kodeksi" kanunynyň hem doly iş ýüzüne geçirilmeginden gorkýarlar.

Hindistanyň primýer-ministri Narendra Modi 2016-njy ýylda ilkinji gezek bu adata garşy çykypdy. Ol Hindistanyň musulman aýallarynyň durmuşynyň telefonda üç gezek aýdylan söz bilen bozulmagyna rugsat berilmeli däldigini aýdypdyr. Onuň bu çykyşy öz partiýasynyň Uttar Pradeş ştatyndaky ýerli saýlawlarda möhüm ýeňiş gazanmagyna sebäp bolupdyr. Modi golaýda Hindistanyň garaşsyzlygynyň 70-nji ýyly mynasybetli gurnalan dabarada hem bu meseläni täzeden gün tertibine getiripdi.

Ýöne musulman zenanlar özleri üçin bu meseläniň syýasy däl-de, jebislik hem bütewilik meselesi bolup durýandygyny nygtaýarlar.

"Meni Ýaradan hiç haçan meni diňe zenan bolanym üçin erkek adamdan kem tutup we oňa garaşly goýup bilmez" diýip, BMMA-ň gurujusy Nurjehan aýdýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG