Sepleriň elýeterliligi

"Ýollarda ýene eden-etdilik, nähak jerime salmak köpelýär"


Ýol gözegçileri.

Gaýylar radara düşmeseñ hem aldap başga birine tutulan radary görkezip, jerime ýazýanlary bar. aralarda şonuñ üçin,kameraly radar alyp ulanyp başlapdylar.

etraplarda diñe ýüzünde tizlik görkezýän radarlar ulanylýar. kameraly radarlar ulagyñ nomeri bilen suratyny dolulygyna alyp bilýär. onda hiç kime aldaw ulanyp bilmeýärler.

Hasam Daşoguzyñ etraplarynda ýenede şeýle eden-etdilik köpelip başlady. öñüräkler gaýylaryñ şeýle hereketlerine nägilelik köpelip prokuratura arzalar baransoñ,kameraly radarlar seýrek peýda bolupdy.

gaýylaryñ bukulyp durup radar tutman aç-açan radary gelýän ulaglara tutup başlapdylar. indi bir-iki aý bäri has hem gaýylaryñ maşynlara tutsun tutmasyn bellenen tizlikden ýokary ýazgyny görkezip aldap pul para peşgeş bermeseñ galp jerimeler ýazyp başlamalaryny artdyrdylar.

il arasynda bu hereketleriñ jemine ,,olimpiýada pul ýygnaýarlar,,diýen nägilelik äheñli bir aýtga öwrüldi. radarlaryñ jerimesi has agyr.

käbir ýerlerde ýol belgileriniñ nädogry goýlan ýerleri hem köp duş gelýär.

ýoluñ iki gapdaly boş.ýaşaýyş ýok ýerlerde hem 40 km/sag-dan gaty sürmek gadagan diýen belgiler köp duş gelýär. bardy-geldi tizligiñi 5je km/sagada çenli artdyrsañ oña pesinden 50manatdan 100 manada çenli jerime galan bolmalysyndan 10-20 km/sag gaty sürseñ ondan has gaty agyr jerime salýarlar. ýada prawañy leçit etjek bolup başlaýarlar.

bu nägilelik döretýän kararlary kim çykarýarka diýýärsiñ. aslynda mejlis şeýle nädogry kararlara düzediş bermeli.

şonuñ üçin olar eşider we halka ýeñillikli bolar ýaly gowy kararlaryñ çykmagyna kömek eder diýen umyt bilen Azatlyk radiosyna ýetirmegi karar etdim.

Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär. Onda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

  • Howpsuzlyk üçin şu soraga jogap beriň. *

XS
SM
MD
LG