Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanyň premýer-ministri Türkmenistana sapar edýär


Gürjüstanyň premýer-ministri Georgiý Kwirikaşwili

Gürjüstanyň premýer-ministri Georgiý Kwirikaşwili resmi sapar bilen Türkmenistana bardy.

Gürjüstanyň media serişdeleriniň maglumatyna görä, bu Kwirikaşwiliniň Türkmenistana edýän ilkinji sapary bolup, onuň türkmen resmileri bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.

“Çarşenbe güni Kwirikaşwili Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa bilen duşuşar. Şeýle-de, onuň Aşgabadyň olimpiýa şäherçesine baryp görmegine garaşylýar” diýip, “Gruziýa online” neşiri ýazýar.

Mundan ozal, Türkmenistanyň Gürjüstandaky ilçisi Döwletmyrat Myradow “Sputnik Gruziýa” neşirine beren maglumatynda Kwirikaşwiliniň Aşgabada etjek saparynyň çaginde transport pudagy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada resminamalara gol goýuljakdygyny aýdypdy.

Türkmenistan bilen Gürjüstanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda dikeldildi.

Türkmenistanyň raýatlarynyň Gürjüstana wizasyz sapar edip bilýändigi, gürji raýatlarynyň bolsa, Türkmenistana barmak üçin wiza almaly bolýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG