Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowanyň partiýasy Dodony watana dönüklikde aýyplaýar


Moldowanyň prezidenti Igor Dodon
Moldowanyň prezidenti Igor Dodon

Moldowanyň syýasy partiýasy prezident Igor Dodony watana dönüklik etmekde we bölünişikleri Russiýanyň bähbidine öjükdirmekde aýyplap, oňa garşy jenaýat şikaýat arzasyny gozgandygyny aýdýar.

“Hereket we raýdaşlyk” partiýasy özüniň websaýtynda ýaýradan beýanatynda, bu baradaky arzany 29-njy awgustda ýurduň Baş prokuratura edarasyna tabşyrandygyny mälim etdi.

Şeýle-de, beýanatda Dodon “watana dönüklik etmäge” garşy kanunlary bozmakda we milli, etniki, jynsy ýa-da dini aratapawudy öjükdirmekde” aýyplanýar.

Moldowanyň prezidenti bu şikaýat arzasy barada henize çenli kommentariý bilen çykyş etmedi.

Şeýle-de, beýlekiler bilen bir hatarda, partiýa Dodony Transdniester regionynyň separatist lideri Wadim Kransoselkiýni dekabr aýyndaky saýlawlarda ýeňiş gazanmagy bilen gutlamagyny tankyt etdi. Separatist Transdniester regiony Moldowa we halkara jemgyýeti tarapyndan döwlet diýlip ykrar edilmedi.

XS
SM
MD
LG