29-njy awgustda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Birleşen Milletler Guramasynyň ýadro inspektorlarynyň Tähranyň harby bazalaryna baryp görmegi barada Birleşen Ştatlaryň eden talabyny ret etdi. Eýranyň käbir beýleki resmileri bolsa, bu pikiri “arzuw” diýip häsiýetlendirdiler.
Telewideniýede görkezilen çykyşynda Rohani Birleşen Milletler Guramasynyň Atom energiýa gullugynyň şuňa meňzeş saparlary kabul etmeginiň islendik ýagdaýda mümkin däldigini aýtdy.
“Biziň BMG-niň Atom energiýa gullugy bilen gatnaşyklarymyz düzgünlere görä kesgitlenýär, Birleşen Ştatlar tarapyndan däl. Men BMG-niň Atom energiýa gullugynyň şeýle inspeksiýany kabul etmeginiň mümkin däldigini görýärin. Emma bu gulluk kabul etse-de, biz muny kabul etmeris” diýip, Rohani belledi.
Şeýle-de, ol eger Birleşen Ştatlar 2015-nji ýylda Tähranyň dünýäniň kuwwatly ýurtlary bilen baglaşan ýadro ylalaşygyndan yza çekilmäge synanyşsa, onda munuň Waşingtonyň ýaranlary tarapyndan o diýen goldaw tapmajagyny hem nygtady.
“[Ýewropa Bileleşiginiň] 28 ýurdy, ýagny Amerikanyň ýaranlary [ylalaşyga] wepalydyklaryny aç-açan aýtdylar” diýip, Rohani belledi.
Şol güni Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron ýadro ylalaşygyna başga “hiç hili alternatiwanyň” ýokdugyny aýtdy.
Rohani Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Nikki Haleýiň geçen hepde Atom energiýa gullugy Eýranyň harby bazalaryna baryp görmeli we onuň ýaşyryn ýadro hereketleri bilen meşgullanmaýandygyny anyklamaly diýip, eden çagyryşyna jogap gaýtarýar.
Bu gulluk ýadro ylalaşygynda kesgitlenen çäklendirmeleri Tähranyň berjaý edişine syn edýär. Ylalaşygyň esasyndaky çäklendirmelere jogap hökmünde, Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalar gowşadylypdy.
Eýranyň liderleri ýurduň harby obýektleriniň gapylaryny inspektorlara açmagy yzygiderli ret edip gelýän-de bolsa, ýadro ylalaşygy BMG-niň Atom gullugynyň Eýrandaky ýadro hereketleri amala aşyrylýandyr öýdülýän harby obýektlerine girmek boýunça rugsat almak prosesini düzgünleşdirýär.
Atom gullugy Eýranyň ylalaşygyň ýadro hereketleri togtatmak boýunça düzgünlerini berjaý edýändigini 2015-nji ýyldan bäri gaýta-gaýta tassyklap gelýär.
Rohaniniň 29-njy awgustda eden çykyşynyň öňýany, Eýranyň hökümetiniň metbugat wekili Muhammad Baker Nobat Tähranda eden metbugat çykyşynda: “Eýranyň harby obýektlerine girmek çäklendirlen. Bu bazalar baradaky ähli maglumatlar gizlin. Eýran asla şeýle saparlara rugsat bermez. Diňe hyýaldan ybarat belliklere üns bermäň!” diýdi.
Eýranyň ýokary lideri Aýatulla Ali Hamaneýiniň ýokary derejeli geňeşçisi hem ol teklibi ret etdi. “Amerikanlar biziň harby we aýratyn ähmiýetli harby obýektlerimize girmek baradaky arzuw-hyýallaryny gabyrlaryna alyp giderler... Bu asla amala aşmaz” diýip, Hamaneýiniň maslahatçysy Ali Akbar Welaýati aýtdy.
Eýran uzak wagtdan bäri öz harby obýektlerine halkara inspektorlaryny goýbermän gelýänem bolsa, ol ýadro ylalaşygynyň çäklerinde inspektorlaryň Parçin harby komplekse girip görmeklerine rugsat beripdi. Günbataryň aňtaw gulluklary Eýranyň mundan on ýyl ozal bu toplumda ýadro ýaraglaryny ösdürmek boýunça iş alyp barandygyna ynanýar.
2015-nji ýylda gol çekilen ýadro ylalaşygynyň çäklerinde, Halkara Atom Energiýa Gullugy (HAEG) Tähranyň geçmişdäki ýadro barlaglarynyň “ahmal harby ugurlary” boýunça berlen soraglara kanagatlanarly jogap berendigini aýdýança, Eýrana garşy girizilen sanksiýalar gowşadylmandy.