Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji premýer-ministri Türkmenistana sapar etdi


Gürjüstanyň premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwili. Arhiwden alnan surat
Gürjüstanyň premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwili. Arhiwden alnan surat

Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti we ýurda resmi sapar bilen gelen Gürjüstanyň premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwiliniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, gepleşikleriň dowamynda beýleki meseleler bilen birlikde energetika we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk hem maslahat edilipdir.

Saparynyň dowamynda gürji premýer-ministri Mejlisde gepleşikler geçirdi, ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň mawzoleýine gül desselerini goýdy, şeýle-de Olimpiýa şäherjigine we Halkara ahal-teke atçylyk kompleksine baryp gördi.

XS
SM
MD
LG