Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan aýdym-saz bilen nobatdaky pagta ýygymyna - 'mejbury zähmete' başlady


Pagtaly haltalar

Türkmenistanda pagta ýygymy başlandy. Türkmen mediasy pagtaçylygyň ýurtda “önümçilik möçberiniň artdyrylmagyna ilkinji derejede ähmiýet berilýän strategik oba hojalyk ekinleriniň biridigini” belleýär. Şol bir wagtda, ýurduň gazdan soňky ikinji eksport önümi bolsa-da, pagta hasyly ýylda diýen ýaly býujet işgärleriniň çekilmegi bilen, mejbury zähmet netijesinde ýygnalýar diýip, synçylar aýdýarlar.

Bu ýyl Türkmenistan 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny almagy planlaşdyrýar. Pagtanyň iň köp hasyly – 300 müň tonnasy Mary welaýatynda ýygnalmaly , Daşoguzda – 230 müň tonna, Ahalda - 207 müň tonna pagta ýygylmaly. Resmi maglumata görä, bu ýyl gowaça üçin bölünip berlen ýeriň umumy meýdany 545 müň gektara barabar.

Sowet ýyllarynyň tejribesinden belli bolmagyna görä, ýokardan berilýän planlary dolmak üçin, gowaça köplenç resmi sanlarda görkezilýän meýdandan kän ýere ekilerdi. Bu ýagdaý bir tarapdan aşa kän suw kowlan ýerleriň şorlamagyna getirse, ikinji tarapdan artdyryp ýazmak, korrupsiýa medeniýetini hem döretdi.

Ýerli synçylar bu ýagdaýyň şu günki gün hem bölekleýin dowam edýändigini aýdýarlar. Prezident Berdimuhamedow soňky ýyllarda welaýat häkimleriniň işinden yzygiderli nägilelik bildirmek bilen, bu aýdylýanlary gytaklaýyn tassyklaýar we ýurduň ekerançylyk ýerleriniň, suw serişdeleriniň netijeli ulanylmaýandygyny, ýerleriň şorladylýandygyny, her gektardan alynýan hasyllylygyň derejesiniň pesdigini tassyk edýär.

Hökümet başlygy şu ýyl bugdaý planynyň dolmandygyny boýun aldy. Ýerli synçylar diňe bugdaý planynyň däl, eýsem doldy diýilýän pagta planlarynyň hem hakykatda dolmaýandygyny öňe sürýärler. Hökümet başlygy geçen ýylyň dekabrynda pagta ýygym kampaniýasynyň guralyşy, gymmatbaha tehnikanyň ulanylyşy we beýlekiler barada berk tankydybellikler etdi. Ýöne ol, derňew geçirmeli diýse-de, pagta ýygymy bilen bagly korrupsiýanyň köklerine aralaşmakdan saklanyp, daýhanlar üçin ähli şertiň döredilýändigini nygtady.

Türkmen mediasy prezidentiň diýýän şertlerini taryplap, “Kärendeçiler we daýhan birleşikleri tehnika, tohum, mineral dökünler, suw hem-de hyzmatlaryň beýleki görnüşleri bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilýär” diýip ýazýar.

Ýerli synçylar, şol sanda Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolýan kärendeçiler daýhançylygyň ýurtda girdejisi pes hünärleriň birine öwrülendigini, döwletiň önüm satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrman saklaýandygyny aýdýarlar.

Bu ýagdaý, daşary ýurtlaryň birinde migrant işçi bolan 30 ýaşly türkmeniň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, on müňlerçe türkmen raýatynyň daýhançylykdan gaçmagyna getirýär. “Daýhan ene-atalarynyň ýetde-gütde durmuşyny gören ýaşlaryň köpüsi gurluşyga ýa daşary ýurtlara gitmäge çalyşýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran türkmen raýaty aýtdy.

Emma türkmen metbugaty “orta we inçe süýümli pagtanyň, şeýle hem gowaçanyň ýokary hasylly sortlarynyň tohumlarynyň satyn alnyş bahalarynyň yzygiderli ýokarlandyrylýandygyny” habar berýär.

Mundanam başga,TDH-nyň maglumatyna görä, “Pagtaçylara süýümi, linti, übtügi, döwlete borçnamadan artyk tabşyrylan, senagat taýdan işlenilen çig pagtany ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda ýerleşdirmäge mümkinçilik berilýär.” Emma metbugatda türkmen daýhanlarynyň pagtaçylykdan alýan arassa girdejileri barada hiç bir san getirilmeýär.

Türkmenistanda pagtaçylygyň ýa-da pagta monopoliýasynyň saklanmagy barada ýerli synçylar esasan iki bölege bölünýär: olaryň bir bölegi pagta işsiz halk üçin iş we az-da bolsa gazanç mümkinçiligini berýär diýen pikirde, ikinji pikire gol ýapýanlar, şol sandaTürkmenistanyň oba hojalyk ministriniň ozalky orunbasary Sapar Yklymow pagtaçylygy saklamagy ýalňyş hasaplaýar.

Sapar Yklymowyň ynanjyna görä,pagta ýetişdirmek örän zelelli, “ýöne sowet ykdysadyýeti ony girdejili ýaly edip görkezýär, biz onuň baha we beýleki hemme zatlaryna gatnaşyp gören adam, bu işiň nähili gurnalanyny we nähili ýöredilenini bilýäris, aýratyn respublika bolyp, Türkmenistan ýa Özbegistan bolsun, sowet döwründäki derejäni saklap bolanok” diýip, Şwesiýada ýaşaýan oba hojalyk eksperti aýtdy.

Şeýle-de Yklymow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň ýeriň eýesini tapmaly diýip, ýeri eýesiz goýmagy dowam etdirýändigini, sebäbi kärendeçiniň ýeriň eýesi bolup bilmändigini, onuň hatda öndüren önüminiň hem eýesi bolup bilmändigini aýtdy.

Emma türkmen metbugatynda bu hili pikir-garaýyşlar aýdylmaýar, oňa derek pagta ýygymynyň başlanmagy mynasybetli gurnalan dabaralarda “artistleriň, sazandalaryň we aýdymçylaryň, tans we folklor toparlarynyň” çykyş edendigi habar berilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG