Sepleriň elýeterliligi

Halkara jemgyýetçiligi türkmen tussaglary babatda gyssagly çäre görmäge çagyrylýar


Türkmen türmesine ýitenler

Olary diri görkeziň” kampaniýasy halkara jemgyýetçiligini Türkmenistanda zorlukly ýitirim edilenler babatda gyssagly çäre görmäge çagyrdy.

30-njy awgustda, zorlukly ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara Gününde çap edilen beýanatda Türkmenistandaky ilkinji uly ýitirim etmek tolkunlarynyň 15 ýyl mundan öň turandygy aýdylýar.

Hukuk goraýjylaryň halkara koalisiýasy 2002-nji ýylyň ýazynda we tomsunda10 we 20 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edilen we ýitirim bolan resmileriň hatarynda Allamyrat Allakulyýewiň, Gurban Annadurdyýewiň, Gurbandurdy Begenjowyň, Haýyt Kakaýewiň, Seýitbaý Gandymowyň, Kerimguly Ýoldaşowyň, Hudaýguly Halykowyň,Baýramguly Hudaýkulowyň,Muhammet Nazarowyň, Batyr Sarjaýeiň,Annamurat Soltanowyň we Tirkiş Tyrmyýewiň atlaryny getirýär.

Bularyň köpüsi şol döwürde howpsuzlyk we goranmakministrlikleriniň jogapkär işgärleri bolupdy we olar garaşsyz Türkmenistanda işden aýrylan we türmä basylan ilkinji resmiler däldi.

Bu adamlaryň köpüsi türmä syýasy sebäpler esasynda basylan diýlip güman edilýär. Şol bir wagtda olaryň tussaglygyny tapawutlandyrýan bir zat bar: tussag edilenlerinden soň olar bilen hiç kim habarlaşyp bilmedi, başgaça aýdylanda, olar türmede ýitirim boldy diýip, “Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň beýanatynda aýdylýar.

Hukuk goraýjylar şu geçen 15 ýylyň dowamynda, şol sanda 2016-njy we 2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň türmelerinde has kän adamyň zorlukly ýitirim edilmek jenaýatynyň pidasy bolandygyny, öz kampaniýalarynyň türmede doly üzňelikde saklanan 100-den gowrak adamyň işlerini dokumentleşdirendiklerini habar berýärler. Bu adamlaryň käbiri 15 ýyl bäri üzňelikde, maşgalasy bilen görüşdirilmän saklanylýar.

Graždan we syýasy hukuklar baradaky halkara konwensiýa laýyklykda, zorlukly ýitirimedilmekadam hukuklarynyň agyr bozulmasy bolup durýar we bu hem tussagyň, hem onuň maşgala agzalarynyň mertebelerini kemsidýän çemeleşme hasaplanýar. Üstesine bu jenaýat BMG-nyň adam gynalmagyna garşy konwensiýasynda hem ýazgarylýar.

Türkmenistan bu halkara şertnamalarynyň ikisini hem tassyk eden ýurt we ýurduň içerki kanunlary tussaglary, eden jenaýatyna garamazdan, doly üzňeleşdirmäge ygtyýar bermeýär.

Emma muňa garamazdan, häkimiýetler “pikirleri, täsirleri ýa-da görnüklileri sebäpli öz çäksiz häkimiýetlerine syýasy wehim hasaplan islendik adamlaryny bu gazaply we bikanun jeza sezewar edýärler” diýip, hukuk goraýjylar koalisiýasynyň beýanatynda aýdylýar.

“Muhammet Nazarowyň we Tirkiş Tyrmyýewiň ykballary türkmen häkimiýetleriniň bu hili ‘wehimlere” nähili rehimsiz daraşýandyklaryny açyk görkezýär, Milli howpsuzlyk ministrliginiň ozalky başlygy Muhammet Nazarowa degişli sud dokumentleri, hatda oňa näçe ýyl iş kesileni hem belli däl” diýip, hukuk goraýjylar ýazýar.

Tirkiş Tyrmyýewiň türme möhleti bolsa, 2012-nji ýylyň martynda tamam bolýar, emma ol boşadylman, türme düzgünlerini bozmakda günälenip, ýene bir 7 ýyl tussaglyga höküm edilýär. Hukuk goraýjylar 2017-nji ýylyň ýanwarynda türmede ýogalan Tyrmyýewiň hem sud dokumentleriniň elýeterli däldigini aýdýarlar.

Türkmen türmesinde zorlukly ýitirim edilenleriň has uly topary 2002-nji ýylyň 25-nji noýabryndan soň, şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast ediş synanyşygy diýilýän bilen baglylykda tussag edildi.

“Olaryň 60-dan gowragy döwlet agdarlyşygy synanyşygy diýilýäne göni ilteşiklilikde günäli tapyldy” diýip, “Olary diri görkeziň” kampaniýasy bu adamlaryň käbiriniň türmede ölendigini, emma köpüsiniň ykbalynyň näbelli bolmagynda galýandygyny belleýär.

Golaýda türkmen türmesinde 10 ýyllap üzňelikde saklanan Akmyrat Rejebow, Türkmenistanyň prezidentiniň goragynyň ozalky başlygy hem türmede ýogaldy.

Aýdylmagyna görä, 2015-nji ýylyň dekabry bilen 2017-nji ýylyň awgusty aralygynda zorlukly ýitirim edilenleriň sanawyna girizilen tussaglaryň azyndan bäşisi türmede öldi.

“Halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň türmelerinde ýiten adamlar babatda gyssagly çäre görmegine bireýýäm wagt boldy, ýogsa olaryň ählisine betbagtçylykly ykbal garaşyp biler” diýip, hukuk goraýjylar koalisiýasynyň beýanatynda aýdylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG