Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we gürji resmileri tranzit, energiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gürjüstanyň premýer-ministri Georgiý Kwirikaşwili. 30-njy awgust, 2017 ý. Aşgabat
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gürjüstanyň premýer-ministri Georgiý Kwirikaşwili. 30-njy awgust, 2017 ý. Aşgabat

Gürjüstanyň premýer-ministri Georgiý Kwirikaşwili Aşgabada sapar edip, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa bilen duşuşdy.

Gürji hökümetiniň resmi websaýtynda çap edilen beýanatda, 30-njy awgustda Gürjüstanyň we Türkmenistanyň ýokary derejeli resmileriniň arasynda geçirilen gepleşiklerde beýleki meseleler bilen bir hatarda, tranzit hyzmatdaşlygy we energiýa proýektleri barada maslahat edilendigi aýdylýar.

“Biz regional transport proýektleri, şol sanda Türkmenistany, Azerbaýjany, Gürjüstany we Rumyniýany öz içine alýan transport koridoryny döretmek we Türkmenistanyň ‘Ýüpek ýoly’ proýektine gatnaşmagy barada maslahat etdik” diýip, Kwirikaşwili Türkmenistany öz ýurdunyň ýerli tranzit infrastruktura proýektlerine gatnaşmaga hem çagyrandygyny belledi.

Şeýle-de, Türkmenistana ilkinji resmi saparyny amala aşyran gürji premýer-ministri duşuşygyň çäginde başga-da ençeme meseleler boýunça gepleşikleriň geçirilendigini, emma häzirki wagt olaryň anyk netijeleri barada gürrüň ederden has irdigini aýtdy.

“Biz iki deňziň, ýagny [Gara deňziň we Hazar deňziniň] tranzit potensialyndan gowy peýdalanmak üçin sebitiň ýurtlary we Ýewropa Bileleşigi bilen işleşeris. Bu proýektleriň reallygyna, amala aşmak mümkinçiligine ynanýaryn” diýip, Kwirikaşwili Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşiklerinden soň belledi.

Türkmen lideri hem öz gezeginde, tranzit pudagy boýunça hyzmatdaşlygyň “biziň halklarymyzyň bähbidine ulanylyp bilinjek örän gowy potensialy bar” diýdi. Emma gepleşikleriň çäginde anyk ylalaşyklaryň baglaşylandygy ýa-da baglaşylmandygy barada jikme-jik maglumat berilmedi.

Ykdysadyýet boýunça ekspertleriň käbirleri ýokarda gürrüňi edilen tranzit we energiýa proýektleriniň Türkmenistanyň we Gürjüstanyň ykdysady bähbitleri bilen bir hatarda, Ýewropa Bileleşiginiň Russiýanyň Ýewropa ýurtlaryna akdyrýan gazyna garaşlylygyny azaltmaga bolan uly gyzyklanmasy bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Tbilisiniň Halkara ykdysadyýet uniwersitetiniň ýokary derejeli işgäri, ykdysadyýetçi Lewan Pawlenişwili “Günorta gaz koridory” bilen birlikde, “Trans-Hazar” gazgeçirijisi ýaly täze proýektleriň täze mümkinçilikleri döretjekdigini aýdýar.

“Azerbaýjanyň gazyny transport etmek boýunça ‘Günorta gaz koridory’ bilen baglanyşykly proýektler Ýewropa üçin alternatiwa bolar. Ýöne şonda-da, Ýewropa Russiýanyň gazynyň belli bir bölegini almagyny dowam etdirer. Eger muňa ‘Trans-Hazar’ gazgeçirijisi ýaly proýektler goşulsa, onda bu düýbünden başga potensiala eýe bolar we uly masştably täze mümkinçilikler döreder” diýip, Pawlenişwili aýtdy.

Gürjüstanyň premýer-ministri Aşgabada eden saparynyň çäginde ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň mawzoleýine gül desselerini goýdy, şeýle-de olimpiýa şäherjigine we Halkara ahal-teke atçylyk kompleksine baryp gördi.

Gürjüstanyň “Geostat” atly Döwlet statistika gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistan Tbilisiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň esasy söwda partnýory bolup durýar.

2016-njy ýylda Gürjüstanyň Türkmenistan bilen söwda dolanyşygy 85,7 million amerikan dollaryna barabar boldy. Munuň 10,3 million dollary Gürjüstandan Türkmenistana eksport, 75,4 million dollary Türkmenistandan Gürjüstana import edilen harytlara esaslanýar.

Türkmenistan bilen Gürjüstanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda dikeldildi. “Gruziýa online” neşiriniň maglumatynda Türkmenistanyň raýatlarynyň Gürjüstana wizasyz sapar edip bilýändigi, gürji raýatlarynyň bolsa, Türkmenistana barmak üçin wiza almaly bolýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG