Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä türkmenleri Gurbanlygy nähili gurnaýar?


Pakistanly türkmenler
Pakistanly türkmenler

Türkmenler üçin Gurban baýramy, ýagny gurbanlyk diýlende gazanlar atarylyp, hiňňilikler dikilip, dürli folklor oýunlarynyň oýnalyp duran şowhun-şagalaňly sahnalary ýada düşýär.

Eýsem, häzirki döwürde dünýäniň dürli ýerinde ýaşaýan türkmenler gurbanlygy nähili geçirýärler we gurnaýarlar? Dünýä türkmenleriniň arasynda owalky gurbanlyk däpleri, edim-gylymlary dowam edýärmi?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleriniň" nobatdaky sanyny, Gurban baýramy mynasybetli, dünýä türkmenleriniň gurbanlyklaryna gönükdirýär.

Gepleşigiň myhmanlaryndan Owganystandaky "Türkmen şurasynyň" (geňeşiniň) başlygynyň orunbasary Abdylsatdar Kerim Harus ýurtdaky howpsuzlyk ýagdaýy sebäpli indi ol ýerdäki etniki türkmenleriň owalkylar ýaly gurbanlyk gurnap bilmeýändigini aýdýar.

Eýrandaky türkmenleriň jemgyýetçilik öňbaşçylaryndan Ýusup Nurtagany bolsa, Türkmensährada owaldan gelýän gurbanlyklaryň edil bolşy ýaly dowam etdirilýändigini gürrüň berýär.

Pakistandaky türkmenleriň wekili, karaçili Serwer bolsa, ýurduň Islamabat, Karaçi, Peşawer we Haripur ýaly şäherlerindäki etniki türkmenleriň türkmençiligi saklamak üçin yhlas edýändigini bildirýär.

Gepleşigi diňläp, bu temadaky öz tejribeleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Dünýä türkmenleri Gurbanlygy nähili gurnaýar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:55 0:00

XS
SM
MD
LG