Sepleriň elýeterliligi

Türkmen we türk prezidentleri telefonda gürleşdi


Aşgabat, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk kärdeşi Rejep Taýyp Erdogan bilen. 7-nji noýabr, 2014.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy diýip, TDH habar berýär.

Söhbetdeşligiň başynda liderler bir-biregi we iki ýurduň halkyny Gurban baýramy bilen gutlap, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda “netijeli we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy” tassyklanyldy.

Telefon söhbetdeşligi türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Türk işewürleri soňky 25 ýylda Türkmenistanda millardlarça dollarlyk gurluşyk proýektlerine gatnaşdylar we gatnaşýarlar. Türkmenistanda iş tapmadyk on müňlerçe türkmen bolsa, maşgalasyny eklemek üçin, Türkiýede zähmet çekýär.

XS
SM
MD
LG