Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ykdysady krizis we Aziada aşgabatlylaryň Gurban baýramynyň 'gyzygyny gaçyrdy'


Aşgabat, Gurban baýramy, 26-njy oktýabr, 2012 ý.

Musulmanlar haj zyýaratynyň soňky günlerine girmegi bilen Eýd al-Adha, Gurban baýramyny belleýärler, Saud Arabystanyna zyýarata baranlar şeýtan daşlaýarlar.

Bu baýram käbir ýurtlarda 1-nji sentýabrdan başlansa, käbirlerinde 2-nji sentýabrdan başlanýar.

Türkmenistanda Gurbanlyk şenbe güni, 2-nji sentýabrda başlanyp, 3-nji we 4-nji sentýabrda hem dowam edýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji sentýabrda ýurduň ilatyny, daşary ýurtly kärdeşlerini Gurban baýramy bilen gutlady diýip, TDH döwlet habar agentligi habar berýär.

Emma bu ýyl Türkmenistanda Gurbanlygyň ozalky ýyllardaky şowhun-şagalaňynyň görünmeýändigi, ýurduň regionlarynda hem, paýtagtda hem adamlaryň baýramçylyk şatlygynyň peselendigi barada habarlar gelýär.

Bellemeli ýeri, şu ýyl Aşgabadyň öňki ýyllarda uly hiňňildik dikilýän şowhun-şagalaňly ýerleriniň hem birnäçesiniň boş durandygy, maşynly topar-topar bolup o hiňňillikden beýleki hiňňillige sapar edýän ýaş oglan-gyzlaryň görünmeýändigi, bu baýramda belentden ýaňlanan aýdym-sazyň hem eşidilmeýändigi aýdylýar.

Azatlyk radiosy bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, Aşgabatda ýaşaýan ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Ykdysady krizis we Aziada türkmenistanlylaryň Gurban baýramynyň 'gyzygyny gaçyrdy'
please wait

No media source currently available

0:00 0:06:19 0:00

XS
SM
MD
LG