Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi 'sylaglara' mynasyp boldy


A\gabat, k]ne saglyk binasy. 2013 v.

Aşgabatda täze açylan Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa we merkezi abraýly sylaglara mynasyp boldy diýip, TDH habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, 1-nji sentýabrda Germaniýanyň süýjüli diabet keselleri jemgyýetinden hem-de Daşky gurşaw boýunça saglygy goraýyş gaznasyndan Aşgabatdaky täze lukmançylyk merkezine berlen ýörite güwänamalaryň gowşurylyş dabarasy bolup, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu sylaglary Merkeziň maslahatlar zalynda kabul etdi.

Dabara gatnaşýan daşary ýurtly myhman, Bordo şäheriniň Uniwersitetiniň hormatly doktory Eni Sasko ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara guramalary bilen lukmançylyk babatdaky gatnaşyklary ösdürýändigini belledi.

Şeýle hem ol keselleriň derejesi bilen daşky gurşawyň arasyndaky arabaglanyşyk barada aýdyp, Türkmenistanyň tebigaty, häzirki we geljekki nesilleriň saglygyny goramaga gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdi.

Ýerli synçylar türkmenistanly näsaglaryň ýurtdaky saglyk edaralaryna ynanman, soňky ýyllarda barha kän daşary ýurtlara saglyk syýahatyna gidýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG