Sepleriň elýeterliligi

"Akmak sürer döwrany, akylly bolar onuň haýrany..."


Aşgabat. Oguzhan köçesi. Awtobusa garaşýan ýolagçylar.

Magtymguly Pyragy geçmişiň, şu gunüň, gelejegiň şahyrydyr. Magtymguly dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp, türkmen edebiýatyny ýer ýüzüne äşgär eden ussat hem-de türkmen halkynyň guwanjydyr we buýsanjydyr. Onuň şygyrlary halk durmuşyna iň içgin we çuňňur aralaşan eserler. Mundan başga-da onuň derejesindäki köptaraplylyk, içginlik başga bir şahyrda gabat gelmeýär.

Men näme sebäpden ilki Magtymguly Pyragyndan sözümi başladym. Sebäp Magtymguly Pyragynyň ýüzlenmedik meselesi ýok. Onuň şygyrlarynda geljegem görüp bolýar. Meselem:

Akmak sürer döwrany,
Akylly bolar onuň haýrany...

Ine şol döwürem geldi. Ýokarda öz adamlary bilen akmak sürýär döwrany, akyllylar açlykdan kösenýärler.

Gurbanguly Berdimuhamedow haçana çenli Hudaýdan gorkman halkyňy aç, gysyp, gorkuzyp saklajak. Welaýatdakylar şähere ylgaýarlar. Aşgabadyň ýaşaýjylay işsiz aç otyrlar. Aşgabatlylara diňe bir çykalga galýar, o-da öz döwletiňi taşlap gitmek. Işe girjek bolsaň ýa jüwüňde pul bolmaly ýa-da ýokarraklarda tanşyň oturmaly. Bu döwür adamlar para alyp, öz abraýlaryny satýarlar. Birini para berýäň, abraýyny satyn alyp iş şeýdip tapýarsyň. Adamlar indi şoňa bardy.

Magtymguly şygyrlaryň birinde garybyň gözýaşy soňlanar, ýüzünde diňe ýylgyryş peýda bolar (Goşkyň hakyky setirleri ýadymda däl, ýöne şol manyda ýazylgy.) diýip geçendir.

Gurbanguly Berdimuhamedow hiç kimem öz wezipesinde hat-da şu durmuşda-da ömürlik däldir. Türkmen halkyň IMPIÇMENT sözi, nesip bolsa Hudaýymyzyň özi hakykata öwürer. Amin.

Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär. Onda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

  • Howpsuzlyk üçin şu soraga jogap beriň. *

XS
SM
MD
LG