Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýetiň diplomatik desgalaryny öz kontrolyna aldy, Moskwa gaharly protest bildirdi


ABŞ. Rus konsullygynyň agzyndaky ýazgy. San Francisko, Kalifornia, 31-nji awgust, 2017.
ABŞ. Rus konsullygynyň agzyndaky ýazgy. San Francisko, Kalifornia, 31-nji awgust, 2017.

ABŞ häkimiýetleri 2-nji sentýabrda, rus işgärlerine berlen 48 sagat möhlet tamam bolanyndan soň, Birleşen Ştatlardaky rus diplomatik desgalarynyň üçüsini öz kontrollygyna geçirdi.

Kreml muňa gahar edip, Moskwadaky baş amerikan diplomatyny çagyrdy we onuň eline protest notasyny tutdurdy hem-de bu hereketi ýazgardy we desgalarynyň birinde “görülmedik agressiw hereketiň” edilendigini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2-nji sentýabrda öýlän sagat 2-de San Fransiskodaky rus konsullygynyň, şeýle-de Waşington okrugynda we Nýu-Ýorkda söwda wekilçiligi üçin ulanylýan iki sany diplomatik binasynyňýapylmalydygyny, ýagny munuň soňky möhletdigini aýtdy.

ABŞ bu çäräni Moskwanyň awgustda Birleşen Ştatlaryň Russiýadaky diplomatlarynyň sanyny 1-nji sentýabra çenli 455 adama çenli kemeltmek barada beren buýrugyna jogap hökmünde gördi.

XS
SM
MD
LG