Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Harwi tupanynyň pidalary üçin doga okaýyş gününi jar etdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tehsasda brifing mahalynda, 29-njy awgust, 2017 ý.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tehsasda brifing mahalynda, 29-njy awgust, 2017 ý.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 3-nji sentýabrda Tehsasda we Luizianada agyr sil gelmeginiň pidalary üçin milli doga etmek gününi guramaga çagyrdy.

Tramp we onuň aýaly Milani 2-nji sentýabrda Tehsasa sapar edip, ABŞ-nyň dördünji uly şäheri Hýustonda aman gutulanlar we meýletinçiler bilen duşuşdy. Bu şäher sil sebäpli ysmaz halyna düşdi.

Prezident Harwi tupanynyň garşysynda gurnalan kömek tagallalaryny öwdi we federal, ştat we ýerli häkimiýet wekilleriniň hyzmatdaşlygynyň “fantastiki” derejede gowy bolandygyny aýtdy.

Tramp soňra ýurduň birinji hanymy bilen sil suwundan ejir çeken Çarlz kölüne, Luziana gitdi. Ýerli media Harwi tupanyndan ölen adamlaryň sanynyň 50-den geçendigini habar berdi.

43 müň töweregi adam wagtlaýyn çadyrlarda ýerleşdirildi. Ak tam kongresden dikeldiş tagallalarryna kömek üçin başlangyç 7.85 milliard dollar sorady.

XS
SM
MD
LG