Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda çakyryň teker-üsti söwdasy döredi


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Türkmenistanda arak-şerap önümlerine girizilen gadagançylygyň we netijede spirtli içgileriň dörän gytçylygynyň fonunda, Aşgabatda bikanun teker üstündäki çakyr söwdasy döräp başlady.

Ýatladyp geçsek, geçen aý türkmen häkimiýetleri ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek Aziýa oýunlarynyň öňünden, alkogolly içgileriň satylmagyny dilden gadagan edipdiler.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, bu bir hepde içinde arak-şerap önümleriniň “gara bazarynyň” döräp başlamagyna, ozal azalan ýasama araklaryň ýasalmagynyň ýene güýçlenmegine, şonuň bilen bir wagtda-da hili gümürtik içgileriň bahasynyň kesgin gymmatlamagyna getiripdir. Şeýle-de, gadaganlygyň yzy bilen Aşgabadyň golaýyndaky Türkmenistanyň azyk senagaty döwlet birleşigine degişli Abadan çakyr kärhanasynyň işi-de togtadylypdy.

Soňky birnäçe günden bäri bolsa, Aşgabatda alkogolly içgiler ulaglarda, ýagny teker üstündaki dükanlarda satylyp başlandy,

“Gadaganlykdan soň, ilki-ilkiler şeraby ogrynça söwdagärleriň öýlerinden baryp alýardyk. Indi dükan eýeleri ynamdar müşderilerine ýörite telefon belgisini berýärler. Mundan soňra, jaňlaşyp gerekli içgini sargaýarsyň, şeýle-de ony eltip bermeli salgyny aýdýarsyň. Belli bir wagtdan soň, ylalaşylan ýeriňe ulag bilen aragyňy getirip gidýärler” diýip, Aşgabadyň 11-nji mikroraýonynyň ýaşaýjysy Italmaz (ady üýtgedilen – red.) Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň birine gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, gadaganlygyň fonunda dörän “içgileriň gara bazarynda” arakdyr şeraplaryň bahasy öňki bazar bahasyndan, iň azyndan iki esse gymmat satylýar.

Mysal üçin, “Serdar” aragy ozal 7-8 manada satylan bolsa, häzir onuň “gara bazardaky” nyrhy iň pesinden 20 manada deň. Şeýle-de, Aşgabadyň we Änewiň çakyr zawodlarynda öndürilen alkogolly içgiler ozallar 12-15 manat aralygynda duran bolsa, häzir olar üçin iň azyndan 40 manat soralýar.

Mundanam başga, soňky günler Aşgabatda, hili degişlilikde pes hasaplanýan, Daşogzuň we Balkanyň çakyr zawodlarynda öndürilen alkogolly içgileriň köpelip başlandygyna üns çekilýär. Ozallar paýtagtyň söwda nokatlarynyň tekjelerinde nyrhy 7 manatdan geçmeýän şeraplar häzir “gara bazarda” 17-20 manat aralygynda satylýar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar häkimiýetleriň spirtli içgileriň satuwdan aýrylmagy baradaky talabyndan soň ýasama araklaryň hem peýda bolup başlandygyny, munuň netijesinde zäherlenme ýaly ýagdaýlaryň-da ýüze çykandygyny öňe sürýärler.

Emma bu maglumaty ne beýleki garaşsyz çeşmelere, ne-de ýerli saglyk resmilerine tassykladyp ýa-da inkär etdirip bolmady.

Galyberse-de, ýurduň döwlet eýeçiligindäki mediasy spirtli içgileriň gadaganlygy we onuň netijesinde dörän “gara bazarlar” barada hiç bir düşündiriş ýa habar çap etmeýär.

XS
SM
MD
LG