Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Edara-kärhanalaryň işgärleri mejbury tomaşaçylar bolýar


Köpçülikleýin çäresinden gelýän býujet işgäri.
Köpçülikleýin çäresinden gelýän býujet işgäri.

Aşgabat şäheriniň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň olimpiýa şäherçesiniň sport desgalaryna, stadionlaryna mejbury tomaşaçy höküminde barmaklaryna görkezme berilýändigi aýdylýar.

Bir aşgabatly ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, edara-kärhanalaryň işgärlerine olimpiýa şäherçesiniň haýsydyr bir sport desgasyna barmaklyga görkezme berilýär.

“17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçirilmeli 5-nji Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýän türkmen türgenleriniň türgenleşiklerine ýerli ýaşaýjylar, ýagny edara-kärhanalaryň işgärleri tomaşaçy höküminde mejbury çekilýärler.

Ol ýere baranyňda öz şahsyýetiňi tassyklaýan pasportyňy alyp barmalydygyň barada öňünden edara ýolbaşçylary duýduryş berýärler.

Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynda, öz ugradylan ýeriňe baranyňda, seniň pasportyňy girelgede alyp galýarlar we türgenleşik gutarýança ol ýere baran işgärlere sport desgasyndan çykyp gaýtmaga rugsat berilmeýär” diýip, ol ýaşaýjy sözüni dowam edýär.

“Türgenleşik gaty uzaga çekýär, 10-12 sagatlap sport desgasynda oturmaga mejbur bolýarys. Elbetde, ol ýerde tomaşaçy bolup oturmagyň gyzygy hem ýok däl, her dürli sport oýunlaryna tomaşa edip bolýar. Ýöne sen işgär bolsaň, çagaňy çagalar bagyndan almaly, wagtynda öýüňdäki maşgala agzalaryňa çaý-nahar taýýarlamaly. Ene bolsaň, seniň maşgalada aladaň ýeterlik. Emma olimpiýa şäherçesiniň sport desgalaryna ugradylmagymyz bilen, maşgala aladasyny düýbinden unutmaly bolýarys” diýip, ol ýaşaýjy aýdýar.

Özüni Bahar diýip tanyşdyran ýene bir edara işgäriniň aýtmagyna görä, sport desgalaryna tomaşaçy edilip, mejbury ugradylýan işgärlerden, ol ýere baranlarynda ellerinde hiç bir zadyň bolmaly däldigi hem talap edilýär.

“Bu gelşiksiz ýagdaýlar häkimiýetleriň öz halkyna hem ynamynyň ýoklugyny, öz halkyndan hem gorkýandygyny görkezýär. Sport desgalaryna mobil telefonyň bilen hem goýbermeýärler. Eliňden telefonyňy, pasportyňy alyp galanlaryndan soňra, seniň birsellem oýunlara tomaşaçy bolup, çagaňy çagalar bagyndan almaly wagtyňda çykyp gaýtjak gümanyň ýok. Haçan gaýdyberiň diýilse, şondan soňra öýüňe gaýtmaly bolýarsyň” diýip, Bahar aýdýar.

Ondan soňra hem awtoulag ýagdaýlary sebäpli, wagtynda öýe aşyp bolmaýandygyny, ýollaryň ýapylmagy bilen birnäçe aralygy pyýada ýöremeli bolýandyklaryny hem Bahar aýdýar.

Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalaryna barýan mejbury tomaşaçylara oýunlar wagty bir howply ýagdaý döräýse, janköýer tomaşaçylaryň nähili hereket etmelidigini hem tabşyran ekenler.

“Oýunlar wagty ýangyn dörese ýa başga bir howply ýagdaý ýüze çykan halatynda, şeýläňize garşy ýöräň, şeýläk gaçyň, ýüzüňiz şu tarapa bolsun” diýip,Türkmenbaşy şaýolyna tarap görkezilýändigini mejbury tomaşaçylar aýdýarlar.

Şeýle çäreler sebäpli edara-kärhanalarda ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýaramazlaşandygyny, bu çärelerden boýun gaçyrmagyň bolsa, işiňden kowulmagyňa alyp barjakdygy sebäpli, alaçsyz çydam etmeli bolýandygyny hem ýaşaýjylar nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG