Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Hoş zaman” Aziýa oýunlarynyň resmi partnýorlarynyň sanawyna goşuldy


Aziýa oýunlarynyň köçe bildirişi, Aşgabat
Aziýa oýunlarynyň köçe bildirişi, Aşgabat

Türkmenistanyň “Hoş zaman” şirketi Aziýa oýunlarynyň resmi partnýorlarynyň sanawyna goşuldy.

2004-nji ýylda düýbi tutulan guş önümçiligi bilen meşgullanýan bu hojalygyň regionda iň öňdebaryjylaryň biridigini hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ideal partnýory bolup durýandygyny, ýurduň resmi informasion agentligi TDH habar berýär. Maglumata görä, “Hoş zaman” Aziýa oýunlarynyň partnýory hökmünde işgärleri şokolad önümleri, meýletinçileri süýji bilen üpjün eder.

Şu hepdäniň başynda Hytaýyň Huawei Technologies Co. Ltd” kompaniýasynyň Aziýa oýunlarynyň altynjy resmi partnýory bolandygy habar berildi.

Türkmenistanyň paýtagtynda 17-27-nji sentýabrda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň resmi partnýorlarynyň sanawyna, şeýle-de, “Türkmenhowaýollary”, Malaýzianyň “Petronas”, Irlandiýanyň ”Dragon Oil”, Hytaýyň CNPC we Fransiýanyň “Atos” kompaniýasy girýär. Şeýle-de, “Türkmen ak ýol”, MasterCard, LG we “Coca-Cola Türkmenistan” kompaniýalary sponsorlaryň snawyny düzýär.

XS
SM
MD
LG