Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň sudy öňki premýer-ministr Ahmetowy tussaglykdan boşatmagy karar etdi


Gazagystanyň öňki premýer-ministri Serik Ahmetow, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatynda, Bişkek, 5-nji dekabr, 2012.

Gazagystanyň sudy öňki premýer-ministri Serik Ahmetowy şu aýda tussaglykdan boşatmagy karar etdi.

Ahmetow 2015-nji ýylda korrupsiýa bilen bagly aýyplamalaryň esasynda sud edilipdi.

Karagandy regional sudunyň 6-njy sentýabrda yglan etmegine görä, Ahmetowyň galan tussaglyk möhleti “şertli tussaglyk” bilen çalşyrylypdyr.

Suduň karary 21-nji sentýabrda güýje girýär. 59 ýaşly Ahmetow 2015-nji ýylyň dekabr aýynda 10 ýyllyk türmä höküm edilipdi. Ol başda özüne bildirilen günäni ret edipdi, emma ol 2016-njy ýylda günäni boýun alyp, günäsiniň geçilmegini soransoň onuň tussaglyk möhleti iki ýyl gysgaldylypdy.

Prezident Nazarbaýewiň dekabr aýynda yglan eden amnistiýasyndan soň, Ahmetowyň tussaglyk möhleti ýene gysgaldylypdy.

Asly Karagandy regionyndan Serik Akhmetow 2012-2014-nji ýyllarda Gazagystanyň hökümet baştutany bolupdy.

XS
SM
MD
LG