Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gelnalyjy kerweni Aşgabada goýberilmedi


Gelnalyjy maşyn
Gelnalyjy maşyn

Şu ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek 5-nji Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde diňe bir Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň däl, eýsem Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň hem kösençliklere sezewar edilýändigi aýdylýar.

Ýaşlaryň tutýan durmuş toýlaryna-da, şäherde geçirilýän toý-sadakalara gelmeli bolýan Ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryna-da dürli päsgelçilikler döredilip, adamlaryň toý ýa märeke höwesiniň bozulýandygyny aýdýarlar.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy Ata aganyň sözüne görä, olaryň maşgalasynda ýaşlaryň durmuş toýy toýlanypdyr.

“Gudamyz Aşgabat şäherinde ýaşaýar. Toý sähedi bellendi, ýaşlaryň toýuny uludan tutup, Aşgabada gelnalyjy kerwenini ugratdyk.

Gelin atasy öýünden çykansoň, gelnalyjy maşyn bilen Aşgabat şäherinde birnäçe seýilgählere, Aşgabatdaky gözel binalara aýlanmak, ozaldan toý planyna goşulypdy.

Ýaşlaryň kalbynda ýatdan çykmajak pursatlary wideokamera, fotosuratlara düşürmek üçin, ýörite hünärmenler bilen gepleşilip, olaryň iş haklary tölendi, emma gelnalyjy maşynlary Aşgabat şäherine goýberilmediler” diýip, Ata aga aýdýar.

Onuň sözüne görä, Köşiniň golaýyndaky ýol gözegçilik gullugynyň postunda ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri gelnalyjy kerwenini saklap, olary şähere goýbermändirler.

“Gelni alyp gaýtmak üçin bezelen bir maşyna geçmäge rugsat berýäris, galan maşynlar şu ýerde garaşsynlar, postdan hem aňyrrakda ýoldan sowlup duryň” diýip, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri aýtdylar.

Gelnalyja barýan ýaşlaryň ählisiniň keýpi bozuldy, eliňden geljek zat ýok, garaşmaly diýlen ýerde garaşyp başladyk. Bir zada garaşmaly bolsa wagt hem geçmeýän ýaly bolýar, yssy howada her kim maşynyň içinde gözlerini ýola dikip, iki sagatlap garaşdylar” diýip, Ata aga aýdýar.

Bu toýyň şaýady bolan ýaşlaryň aýtmaklaryna görä, olar şäheriň seýilgählerinde, ýadygärlikleriň öňlerinde gezelençler edip, toý tutýan ýaşlar bilen ýadygärlik suratlara düşmegi planlaşdyran ekenler.

“Öz çagalarynyň şeýle ýagdaýa salynmagyna islendik ýolbaşçy ýol bermezdi, emma ýönekeý halka nähili daraşsaň daraşyp oturmaly döwür boldy. Bu ýerde eden-etdilikden başga zat göremizok. Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlende, şähere gelnalyjy girmeli däl diýip ýokardan görkezme berilýän däl bolsa gerek , şeýle hereketler bolsa adamlarda juda närazyçylyk döredýär” diýip, ýaşlar aýdýarlar.

“Bu türkmeniň däp-dessuryna hormat goýmazlyk, öz halkyňdan gorkmaklyk bolýar” diýip, Ata aga hem sözüni dowam edýär.

Gelnalyjy kerwenlerinden başga-da, Aşgabadyň etegindäki obalardan şähere toýa-sadaka gelmeli bolýan adamlar üçin, ýollaryň ýapylmagy adamlary juda kyn ýagdaýa salýandygyny aýdýar.

“Ýakyn garyndaşlarda sadaka berildi. Obadaky mellegmizde öndüren ak-gögümizden maşyny dolduryp, sadaka alyp barýardyk. Emma bizi şähere goýbermän, awtoulagmyzy Abadan şäheriniň golaýyndaky awtoduralgada goýup, jemgyýetçilik awtobusynda gitmelidigimiz aýdyldy.

Sadaka barýan ýaşuly adamlaram, zenanlaram ýük götererden ejizräkdiler. Özüm göterip bilen zatlarymy aldym, emma ýarpydan gowrak ýüküm maşynda galmaly boldy. Dogan-garyndaşyňa etjek kömegiňi hem arkaýyn edip bolanok” diýip, babaaraply Rejep aýdýar.

Rejebiň aýtmagyna görä, onuň ýakylaryndan, şäherde ýaşaýan biri aradan çykypdyr. “Şonuň anna agşamyna gelenimizde, birsellem oturyp çykýançak, maşyn belgimi alyp gidipdirler. Ony bir aýda zordan yzyna aldym” diýip, ol aýdýar.

“Ýaşaýjylara edilýän bu sütemler entek Aziýa oýunlaryna bir aýdan gowrak wagt galanda şeýle bolup başlandy. Oýunlar başlananda biz nä gün görerkäk?” diýip, ýaşaýjylar alada galýandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda-da, Aziýa oýunlary geçjek döwründe ilatyň toý-sadaka etmezlikleri üçin, gadagançylyklaryň giriziljekdigi barada, ilat arasynda myş-myşlar artýar.

XS
SM
MD
LG