Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň Astanada bolan tertipsizliklerden soň 61 hindistanlyny ýurtdan çykarýar


Abu Dhabi Plaza binasynyň gurluşygy, Astana, 3-nji sentýabr, 2017
Abu Dhabi Plaza binasynyň gurluşygy, Astana, 3-nji sentýabr, 2017

Gazagystanyň häkimiýetleri şu aýyň başynda ýurduň paýtagtynda dörän köpçülikleýin tertipsizlikleriň yzýany hindistanly 61 sany gurluşyk işgäriniň “düzgüni” bozmak bilen baglylykda ýurtdan çykaryljakdygyny aýtdylar.

Astananyň häkimligi bu beýanaty Abu Dhabi Plaza binasynyň gurulýan ýerinde hindistanly we gazagystanly gurluşykçylaryň arasynda dörän dawadan alty gün geçensoň 8-nji sentýabrda etdi.

Häkimiýetler onlarça adamyň gatnaşmagynda bolan we köçe polisiýasyny aralaşmaga mejbur eden dawanyň gazak sakçylarynyň içgili hindistanly gurluşykçyny gurluşyk meýdanynyň daşyna goýbermekden ýüz öwürensoň başlanandygyny aýdýarlar.

Bu dawa 25 ýyl bäri awtoritar prezident tarapyndan dolandyrylýan Gazagystanda seýrek ýüze çykýan köpçülikleýin tertipsizlikleriň biri boldy.

Häkimiýetler ýakalaşykda ýaralananlaryň bolmandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG