Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG 270 müň rohingýa musulmanyň Bangladeşe geçendigini kesgitledi


Rohingýa musulmanlar Bangladeşe geçýärler, Bangladeşiň we Mýanmanyň arasyndaky serhet, Teknaf, 4-nji sentýabr, 2017
Rohingýa musulmanlar Bangladeşe geçýärler, Bangladeşiň we Mýanmanyň arasyndaky serhet, Teknaf, 4-nji sentýabr, 2017

BMG-niň bosgunlar agentliginiň (UNHCR) aýtmagyna görä, geçen aýyň aýagynda Birmada dörän zorluk zerarly 270 müň rohingýa musulmanyň Bangladeşe geçendigini kesgitlenipdir.

BMG-niň metbugat-wekili Wiwian Tan tarapyndan 8-nji sentýabrda tassyklanan täze sanlar bir gün öňýany berlen 164 müň adamdan ybarat sandan has ýokary.

Tan goşmaça sanyň bosgunlaryň serhediň golaýynda ýerleşýän täze ýerleriniň agentlige mälim bolmagynyň netijesinde anyklanandygyny aýtdy.

“Bu san şeýle bir alada dörediji – bu hakykatdan biziň çäre görmäge jogapkärdigimizi aňladýar” diýip, Tan aýtdy we Birmadaky ýagdaýa “gyssagly çemeleşmelidigini” belledi.

Birmadaky ýagdaý global derejede nägilelik döretdi.

Bosgunlar Birmanyň howpsuzlyk güýçlerini we buddaçylary öz obalaryny oda bermekde aýypladylar. Hökümet howpsuzlyk güýçleriň geçen aýda rohingýa söweşijileriniň polisiýanyň postlaryna eden hüjümine jogap berýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG