Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen estrada aýdymçysy Laçyn Mämmedowa gadaganlykdan çykýar


Laçyn Mämmedowa, habartm.org-yň fotosuraty
Laçyn Mämmedowa, habartm.org-yň fotosuraty

Türkmen estrada aýdymçysy Laçyn Mämmedowa sekiz ýyllyk gadaganlykdan soň, Instagramda sahypasyny açyp, jemgyýetçilige çykdy diýip, habartm.org saýty habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, aýdymçy 20-nji awgustda ses ýazyjy studiýada ýazgy edilene meňzeýän üç aýdymyň wideoýazgysyny çap etdi.

Laçyn Mämmedowa Türkmenistanyň öňki prezident Saparmyrat Nyýazowy wasp eden aýdymçylaryň biri bolup, 8 ýyl çemesi ozal onuň maşgalasy bilen regionlaryň birine sürgün edilendigi barada resmi bolmadyk habarlar ýaýrady.

Aýdymçynyň sosial ulgamlarda peýda bolan täze aýdymlarynyň biri Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy wasp etmäge bagyşlanypdyr.

Türkmenistanda diňe hökümet tankytçylarynyň däl, hatda aýdymçylaryň hem yzygiderli repressiýa sezewar edilýändigi aýdylýar. Tejribeden görnüşine görä, gadagablykdan we ýanalmalardan käte prezidenti taryplamak bilen gutulmak mümkinçiligi döredilýär.

XS
SM
MD
LG