Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan ýanygy bejeriş merkezini gurmak üçin bäsleşik açar


Saglyk desgalarynyň resmi görnüşi

Türkmen metbugaty Aşgabatda Ýanygy bejermegiň ýöriteleşdirilen merkeziniň guruljakdygyny habar berýär.

Türkmen hökümetiniň anna güni bolan mejlisinde aýdylmagyna görä, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bu taslamany durmuşa geçirmek üçin potratçyny seçip almak babatda halkara bäsleşigini yglan etmegi planlaşdyrýar.

Täze klinikanyň işi iň gowy daşary ýurt tejribeleri hem-de tiz bejerişiňiň täze usullary , dikeldiş hem-de intensiw terapiýasy esasynda guruljakdygy aýdylýar.

Türkmenistanda soňky ýyllarda iň döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylan saglyk desgalaryny gurmaga uly üns berilýändigi aýdylýar.

Şol bir wagtda raýatlar, medisina bilimini berýän okuw jaýlarynda parahorlugyň giň ýaýrandygyny, lukmanlaryň ýalňyş diagnoz goýýandygyny aýdyp, mümkin bolsa, öz saglyklaryny daşary ýurtlarda bejertmäge çalyşýarlar.

XS
SM
MD
LG