Sepleriň elýeterliligi

Şeýh Ahmad HOK-yň sessiýasyna barman, Aşgabada ugrar


Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Şeýh Ahmad Al-Ahmed Al-Sabah (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşýandygy sebäpli, Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) sessiýasyna baryp bilmejekdigini mälim etdi.

Şeýh Ahmad Al-Ahmed Al-Sabah eger-de Komitetiň şu çarşenbe güni Perunyň paýtagty Limadaky geçýän sessiýasyna gatnaşsa, onda Aşgabadaky oýunlara görülýän soňky taýýarlyklaryň gözegçilik işlerine ýetişmän biljekdigini aýdypdyr.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan gurnalýan Aşgabatdaky Aziada-2017 oýunlary şu aýyň 17-ne başlap, 10 gün, ýagny 27-nji sentýabra çenli dowam eder. Maglumata görä, türgenleriň we 20-ä golaý ýurt baştutanlarynyň Aşgabada anna güni, 15-nji sentýabrda gelip başlamagyna garaşylýar.

Bu aralykda, sport barada maglumatlary çap edýän insidethegames neşir öz çeşmelerine salgylanyp, Şeýh Ahmadyň Halkara Olimpiýa Komitetiniň sessiýasyna barmazlygynyň oňa garşy ABŞ-da galplykda bildirilýän aýyplamalar bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny nygtaýar.

Ýatlatsak, Şeýh Ahmad aprelde Futbol Assosasiýasynyň Halkara Federasiýasynyň, ýagny FIFA-nyň Geňeşiniň düzüminden – parahorlyga ilteşiginiň bolmagynyň mümkindigi baradaky aýyplamalaryň fonunda – çykypdy. Ol öz gezeginde bu bildirilýän aýyplamalary inkär etdi.

Başga bir tarapdan, insidethegames neşiri Türkmenistanyň dünýäniň iň bir repressiw we ýapyk döwletleriniň biridigine ünsi çekip, Şeýh Ahmadyň Aşgabatda bolmagy, oýunlaryň daş-töweregindäki bolmagy mümkin syýasy ýitilik bilen baglanyşdyrýar.

Gepiň gerdişine görä bellesek, Azatlyk Radiosy türkmen häkimiýetleriniň Aziada görülýän taýýarlyklaryň çäginde, paýtagtda we onuň eteginde on müňlerçe jaýy ýer-ýegsan edip, öý eýelerine öwezine hiç zat ýa-da ýeterlik kompensasiýa bermändigi dogrusynda maglumatlary beripdi.

Mundanam başga, oýunlaryň öň ýanynda resmiler paýtagtda alkogol içgileriň söwdasyny gadagan etdiler, ýurduň beýleki sebitlerinden gelenleriň hereketini çäklendirdiler, ozalky tussaglara oýunlaryň geçýän ýerinden daşda durmagy tabşyrdylar we şäheri öýsüz haýwanlardan arassalamaga synanyşdylar.

Bu ýagdaýlaryň fonunda, “Human Rights Watch” we “Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” toparlary geçen aýda, Şeýh Ahmadyň ýolbaşçylyk edýän Aziýanyň Olimpik Geňeşine ýüzlenip, Türkmenistana onuň adam hukuklary babatyndaky borçlaryny ýatlatmaga çagyrypdylar.

Bu aralykda, Aşgabatdaky Aziada oýunlaryna türkmen häkimiýetleriniň yglan edeninden has az türgeniň geljekdigi barada maglumatlar peýda boldy. Ilki başda, oýunlara 62 ýurtdan 5 müňden gowrak sportsmeniň geljekdigi yglan edilse-de, häzir oýunlar üçin 4 müň 66 türgeniň hasaba alnandygy aýdylýar.

Oýunlara iň köp – 496 türgen Türkmenistandan gatnaşar. Bu sany boýunça iň köp türgenli ýurtdan tas iki esse diýen ýaly uly görkezijidir: Taýland özüniň 249 sportsmenini ýollar.

Bruneý, Gündogar Timor, Mýanma we Demirgazyk Koreýa hersi Aşgabatdaky oýunlara özüniň bir türgenini iberer.

Kuweýt, Täze Zelandiýa, Niue, Norfolk, Uollis we Futuna, Demrigazyk Marian adalary we Tokelau oýunlara asla-da gatnaşmaz.

Milli saýlama toparlardan başga-da, raýatlygy bolmadyk bäş türgen öz güýjüni synap görerler.

Türkmen häkimiýetleri Aziada bilen sport boýunça abraý gazanmak üçin, milliardlarça dollar çykdajy etdi. Tankytçylar bu tagallanyň Türkmenistan üçin ummasyz çykdajyly bir maksatnama bolandygyny aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG