Sepleriň elýeterliligi

Warşawada türkmen türmesinde ýitenler ýatlandy


Türkmen tussaglary

“Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň wekilleri Warşawada, ÝHHG-nyň ýyllyk adam hukuklary maslahatynda beýanat bilen çykyş edip, Türkmenistanyň türmelerinde diri ýitenler diýilýänleriň ykbalyna ýene bir gezek ünsi çekdiler.

Bu kampaniýanyň öňkiýyllardaky beýanatlaryndan hem belli bolşy ýaly, Türkmenistan onlarça tussagyň ykbaly, saklanýan ýeri, saglyk ýagdaýlary barada on bäş ýyla golaý wagt bäri hiç bir maglumat bermeýär.

Orsýetiň Demokratiki ösüş we adam hukuklary merkezini prezidenti, “Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň inisiatorlarynyň biri Ýuriý Jibladze 12-nji sentýabrda ÝHHG-nyň Demokratiýa we adam hukuklary býurosynyň ýyllyk konferensiýasynyň çäginde guralan plenar maslahatda beýanat bilen çykyş etdi.

Ol türkmen häkimiýetlerini nazarda tutup, güýçli täsir gurallary ulanylmasa, häkimiýetleriň adamlaryň zorlukly ýitirim edilmegi ýaly gaýragoýulmasyz meselelerde hakyky hyzmatdaşlyk etmekden gaçalak edýändiklerini belledi.

“Olary diri görkeziň” kampaniýasy 2013-nji ýyldan bäri türkmen türmelerinde diri ýitenleriň, şol sanda ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän iş boýunça uzak möhletli türmä basylan adamlaryň, ozalky milli howpsuzlyk ofiserleriniň we soňky döwürde türmä basylan türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýlaryny anyklamak boýunça iş alyp barýar.

Jibladzäniň pikirine görä, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan yzygiderli basyş görkezilýändigine garamazdan, Türkmenistanyň häkimiýetleri türme sistemasynda zorlukly ýagdaýda ýitirim edilenler boýunça ol ýa-da beýleki görnüşdäki real çäreleri görmekden saklanyp gelýär.

Şeýle-de ol Aşgabadyň döwletara guramalarynyň, hususan-da BMG-nyň adam hukuklary we adam gynamalaryna garşy göreş komitetleriniň, ýyllyk Ýewropa Bileleşigi- Türkmenistan dialogynyň rekomendasiýalaryny ýerine ýetirmändigini aýtdy.

Hukuk goraýjynyň pikiriçe, Türkmenistan adamlaryň türmelerde zorlukly ýitirim edilmeginiň öňüni alandan, olar barada maglumat berenden geçen, soňky ýylyň dowamynda bu ýagdaýy[ has-da ýaramazlaşmagyna ýol berdi.

Jibladze öz çykyşynyň dowamynda sebitdäki raýat jemgyýetlerine hökümet we hökümetara guramalary tarapyndan syýasy, ahlak we maddy goldaw berilmeginiň zerurlygy barada hem durup geçdi.

Hususan-da ol “Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň tussaglaryň hukuklaryny goramak ugrundaalyp barýan işleri, Türkmenistandaky raýat jemgyýetine goldaw berilmegi barada gürrüň etdi. Hukuk goraýjynyň sözlerine görä, raýat jemgyýetiniň agzalary türkmen häkimiýetleri tarapyndan yzygiderli ýanamalara, howp-hatara sezewar edilýär.

“Türkmen häkimiýetleri 2016-njy ýylda zorlukly ýitirim etmeleriň täze tolkunyna başladylar. Onlarça pida, Türkmenistanyň halkara kanunçylygy we öz içerki kanunlaryny görnetin bozmagy netijesinde, doly üzňeleşdirmä sezewar edilýär” diýip, Jibladze aýtdy.

Hukuk goraýjynyň pikiriçe, Türkmenistanda adamlaryň zorlukly ýitirim edilmegine indi geçmiş meselesi, ýagny ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň günäsi bilen edilen iş hökmünde garamak bolmaz, sebäbi bu praktika häzirki ýolbaşçylar tarapyndan hem giňden ulanylýar.

Mundanam başga, soňky wagtlarda türmede 2002-2003-nji ýyllardan bäri daşarky dünýäden doly üzňelikde saklanylýan tussaglaryň aradan çykmasy ýygjamlaşdy, bu tussaglar gazaply türme şertlerinde şeýle köp ýyl üzňelikde saklananlaryndan soň aman galyp bilmez diýip, Jibladze aýtdy.

Soňky ýyllarda türkmen türmesinde Wekil Durdyýew, Annadurdy Annasähedow, Tirkiş Tyrmyýew, Akmyrat Rejebow ýaly ozalky resmiler aradan çykdy we olar türmä basylanlaryndan soň daşarky dünýäden doly üzňelikde saklandy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG