Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjiklere geýim kadalary barasynda millionlarça SMS iberilipdir


Bu iki suratda "keseki" hijap (çepde) we adaty täjik usulynda daňlan ýaglykly zenan geýimini görmek bolýar.
Bu iki suratda "keseki" hijap (çepde) we adaty täjik usulynda daňlan ýaglykly zenan geýimini görmek bolýar.

Täjigistanda hususy mobil aragatnaşyk hyzmatyny berýän firmalar millionlarça raýata SMS ibermäge başlapdyr. Iberilýän SMS-lerde, halkdan täze geýim kadalaryna eýermek talap edilýär. Ýurtda täze kabul edilen geýim kanunyna görä, toý we ýas ýaly adaty üýşmeleňlerde täjik milli geýiminde bolmak hökmanylykdyr.

Bu kanunyň, täjik zenan we erkek adamlarynyň yslamy eginbaş geýmeginiň öňüni almak üçin durmuşa geçirilýändigi çak edilýär. Bu täjik hökümetiniň dini radikallyga garşy göreş çäresiniň bir bölegi bolup durýar.

"Keseki geýimler"

6-njy sentýabrda 6 million mobil aragatnaşyk ulgamynyň müşderisine şeýle manyda SMS iberilipdir. Ondan bir gün owal bolsa, zenan we maşgala meseleleri boýunça döwlet komiteti ýurtdaky alty sany mobil aragatnaşyk firmasyna bu esasda tabşyryk beripdir.

Döwlet komitetiniň ýazan SMS-leriniň birinde, täjiklerden milli täjik geýim kadalaryny berjaý etmek, beýlekisinde bolsa milli geýimlere hormat goýmak talap edilýär.

Üçünji SMS-de bolsa şeýle diýilýär: "Geliň, milli geýimleri geýmegi gündelik adata öwreliň".

28-nji awgustda Täjigistanyň prezidenti Emomoli Rahmon raýatlaryň we edaradyr-guramalaryň işgärleriniň milli medeniýete bap gelýän ýagdaýda adaty üýşmeleňlerde geýilýän milli eginbaşlary geýmegini talap edýän kanuna gol çekipdi. Bu ýerde aslynda 10 ýyl mundan owal kabul edilen kanuna täze girizilen üýtgeşiklikden söz açylýar.

Kanunda aýdylmagyna görä, Täjigistanyň raýatlary döwlet diline we "milli geýim görnüşine" hormat goýmaga borçludyr.

Adam hukuklaryny goraýanlaryň bellemegine görä, Täjigistanyň hökümeti "milli bolmaýan geýim" we "keseki eginbaş" diýmek bilen aslynda hijaby göz öňünde tutýar.

8 müňe çenli saklanypdyr we ...

Täze kanunda gönümel hijabyň ady agzalmaýanam bolsa, resmiler owaly bilen zenanyň oranýan we boýny bilen bilelikde ýüzünden galan ýerini ýapýan atynjanyň keseki medeniýet we däpleriň geýimidigini nygtaýarlar.

Täjigistanyň mejlisiniň aşaky ganatynyň sosial meseleler baradaky komissiýasynyň başlygy Hilolbi Gurbonzodanyň aýtmagyna görä, adaty täjik geýimlerini geýmän, "keseki yslamy geýimleri" geýen raýatlara garşy goşmaça jerimedir-jezalary göz öňünde tutýan kanun mejlise hödürlener.

2016-njy ýylyň maý aýyndan bäri 8 million ilatly Täjigistanda hökümet dini zenan geýimlerini satýan köpsanly dükany ýapypdyr.

Awgust aýynyň öňüsyrasynda döwlet işgärlerinden ybarat bolan toparlar 8 müňden gowrak hijaply zenany paýtagt Duşenbäniň dürli jemgyýetçilik ýerinde saklap, olara geýimini milli eginbaş kadasyna görä üýtgetmek duýduryş edipdir. Adaty täjik atynjasy hijap ýaly adamyň ýüzünden galan ýerine oralman, maňlaýdan baglanýar we şeýlelikde zenanyň boýnunyň töweregi açyk ýagdaýda galýar.

Döwlet mejlisi närazy

Täjik polisiýasynyň öňe sürmegine görä, terrorçylykly guramalar bilen ilteşigi bolan käbir zenanlary "keseki" medeniýet we däplere görä geýinmeginden seljermek bolýar.

ABŞ-yň Döwlet departamenti, Duşenbe hökümetiniň ýurduň dini durmuşyny dolulygyna gözegçilik astyna almak üçin edýän synanyşyklaryna resmi ýagdaýda ynjalyksyzlyk bildiripdir.

Muňa şol bir wagtyň özünde dinleriň ykrar edilmegi we hasaba alynmagy, ybadat ýerleriniň gurulmagy, dini edebiýatyň ýaýradylmagy we çagalaryň dini bilim ugurlary hem degişlidir.

Täjigistanyň dini kanunlary yslamy ybadat ýerlerini çäklendirýär we kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlaryň jemgyýetdäki dini işlere gatnaşmagyny gadagan edýär.

Häzirki döwürde ýas hem toýlar bilen bilelikde, ýörite dini üýşmeleňler hem gitdigiçe döwlet tarapyndan gözegçilik astyna alnyp, ýörite düzgünleşdirilýär.

Täjigistanyň hökümeti bolsa, ýurtda "ekstremist" guramalar bilen terrorçylykly toparlaryň ýaýramagynyň öňüni almak üçin, diniň berk ýagdaýda gözegçilik astynda tutulmagynyň hökmanylykdygyny öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG