Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti atly gezelenç edip, täze kitap ýazmagyna başlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti atly gezelenç edip, täze kitabyň üstünde işe başlady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 13-nji sentýabrda Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, atly syýahata hem täze kitabyň üstündäki işe wagt tapdy diýlip, Türkmenistanyň resmi mediasy habar berýär.

Maglumatda Berdimuhamedowyň atçylyk toplumynda bolan wagtynda täze eseriň üstünde işläp başlandygy bellenýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda prezident bolaly bäri 40 çemesi kitap çykardy.

Onuň kitaplary ýurduň mekdeplerinde öwrenilýär we telewideniýede okalyp, okyjylara ýetirilýär.

XS
SM
MD
LG