Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziýa oýunlary Aşgabatda iki müň raýaty goşmaça awtoduralga töleglerine mejbur etdi


Aşgabat, döwrebap awtoduralga
Aşgabat, döwrebap awtoduralga

Aşgabatda Ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçirilýä V Aziýa oýunlary bilen baglylykda girizilen çäklendirmeler paýtagtdaky awtoulag eýelerini awtoduralga çalyşmalary sebäpli goşmaça çykdajylara alyp gelse, öz awtoulaglarynda adam daşap, gazanç edýän onlarça raýaty işsiz, gazançsyz goýdy.

“Ozaly Aziýa oýunlarynyň golaýlamagy bilen, öz maşynlaryny hususy taksi edip ulanjak adamlara patent bermän başladylar. Bu olaryň işini goýmagyna getirýär. Sebäbi ýol gözegçilik polisiýasy hususy taksileri saklap, patentsizdigini bilse, awtoulag eýesini sürüjilik şahadatnamasyndan mahrum edýär” diýip, aşgabatly taksiçileriň biri Azatlyk radiosyna aýtdy.

Emma Aziýa oýunlary diňe patentsiz taksiçileri däl, eýsem ozal patent alan taksi eýelerini hem, awtoulaglary regionlarda hasaba alnan bolsa, işden we gazançdan kesdi, sebäbi olaryň Aşgabada girip işlemeklerini gadagan etdiler diýip, hususy taksiçшleriň ýene biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň regionlarynda işsizligiň derejesi has uly bolansoň, awtoulagy bar adamlaryň köpüsi öz maşynynda gazanç edip, maşgalasyny eklemäge çalyşýar.

Ýöne Aziýa oýunlary sebäpli girizilen çäklendirmeler diňe hususy taksiçileri gazançdan kesmek bilen çäklenmän, eýsem Aşgabatdaky awtoduralgalary ulanýan, ýagny ol ýerde maşyn goýýan adamlary hem goşmaça zyýana goýdy.

Aşgabatda Olimpiýa şähercesiniň golaýynda ýerleşýän Mir mikroraýonlar toplumynyň ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, olar awtoduralga üçin her aýyň başynda 40 manat töleýärler. Emma olar bu tölegi edenlerinden soň, Aziýa oýunlary sebäpli ol awtoduralgany boşatmaly we başga ýer tapmaly hem ýene 40 manat töleg etmeli boldylar.

“Meniň birinji kowlan ýerim Mir 2/1 bilen Mir 2/2-niň arasynda, Nesiminiň ýadygärliginiň günorta tarapynda ýerleşýär, bu ortaça 500 maşynlyk awtoduralga” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly awtoulag eýeleriniň biri aýdýar.

Diňleýjimiziň ikinji kowlan ýeri 55-nji mekdep bilen 52-nji mekdebiň aralygynda, ozal 3 müň adamly stadionyň ýerinde gurlan awtoduralga bolýar.

“Bu ýerde bize maşyn goýmaga 6-njy sentýabrda rugsat berdiler we ýene tutuş aý üçin 40 manat töletdiler. Emma iki günden, aýyň 8-ne bu ýerden hem telefon edip, maşynlaryňyzy gyssagly aýryň diýdiler” diýip, maşyn eýesi aýtdy.

Aşgabat, awtoduralga
Aşgabat, awtoduralga

Awtoduralga işgärleriniň düşündirmegine görä,bu ýere Aziýa oýunlary açylanda salýut, feýerwerk atýan tehnikalary getirjekler we şol ýerden asmana salýut atyljak.

Emma awtoulag eýeleri birinji awtoduralgada hem, ikinji awtoduralgada hem bir aý üçin öňünden tölän 40 manatlaryny yzyna alyp bilmeýärler, olara “göreris, belki, indiki aýlarda maşynyňy mugt goýarsyň-beýleki” diýip jogap berýärler.

“Meseläniň çatak ýeri, awtoduralgalarda hiç wagt töleg edene resmi kwitansiýa berilmeýär, ‘žurnala belledik, şol ýeterlik’ diýýärler diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi aýtdy.

Iki ýerden kowlan maşyn eýeleri awtomobillerini häzir Mir 4 mikroraýonynyň gündogarynda,täze salnan Mir 8 mikroraýonynyň demirgazygynda ortaça 10 müň maşyna niýetlenip gurlan awtoduralgada goýdylar we bu ýerde hem öňünden, bir aý üçin 40 manat töleg etdiler diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berdi.

Şeýle-de ol adamlaryň köpüsiniň, ‘çökmesin’ diýip, maşynlarynyň akkumlýatorlaryny söküp alyp gaýdandyklaryny, sebäbi häzirki gadaganlyklar bilen barybir entekler awtoulag ulanyp boljak däldigini aýtdy.

“Maşynymyzy ol ýerde aýyň 8-güni goýduk, 40 manadymyzy hem töledik, heniz-ä ‘äkidiň ýa aýryň’ diýip jaň edenoklar” diýip, gürrüňi edilýän etrabyň ýaşaýjylarynyň biri Azatlyk radiosyna aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylary tassyklamagynagörä, Aziýa oýunlary sebäpli iki awtoduralgadan kowlan we maşyn goýmak üçin üçünji gezek töleg etmäge mejbur edilen raýatlaryň sany 2 müňden geçýär. Emma gazançsyz galan taksiçileriň sany belli däl.

XS
SM
MD
LG