Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýdym-saz işe kömek edýär. Gör bakaly haýsy işe...


Alymlar, sadyýan klassik aýdym-sazyň "täze ideýalary" talap edýän işlere diýseň oňaýly täsir edýändigini ýüze çykarypdyrlar.
Alymlar, sadyýan klassik aýdym-sazyň "täze ideýalary" talap edýän işlere diýseň oňaýly täsir edýändigini ýüze çykarypdyrlar.

The Telegraph gazetiniň ýazmagyna görä, käbir adamlar ümsümlikde işlemäni halaýan bolsa, başga adamlar hem aýdym-sazyň täsirinde işlemegi gowy görýärler.

Her kimiň öz halaýan zady bar. Ýöne, gazetiň ýazmagyna görä, ylym ikinji topardakylaryň dogry ýoly saýlap alandygyny aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde bu ýerde edilýän işiň aýratynlygy hem hökman göz öňünde tutylmalydyr.

Gollandiýadaky Radbud uniwersitetinden Simone Ritter we Sidneýdäki Tehnologiýa uniwersitetinden Sam Ferguson, ümsümlik bilen deňeşdirilende haýsy aýdym-saz görnüşiniň edilýän işe nähili tasir ýetirýändigi barasynda ylmy barlag geçiripdir.

Olaryň äşgär etmegine görä, şowhunly aýdym-saz diňleýänleriň has ylhamly we öndürjilikli işlemegine kömek edýär. Ýöne, şol bir wagtyň özünde ol ylmy barlag, hut şeýle aýdym-saz görnüşiniň "diýseň hüşgär hem ünsli" bolunmagyny talap edýän işlere o diýen oňaýly täsir etmeýändigini hem äşgär edipdir.

Ylmy barlag geçirilýän mahaly Ritter we Ferguson 155 sany meýletin adamy 5 topara bölüpdir. Ondan soň ol toparlaryň her birini aýratyn tabşyryklar berlipdir. Toparlardan dört sanysy Holstyň "Mars" we Wiwaldiniň "Bahar" ýaly klassiki eserlerini diňläp işlemeli bolupdyr. Bäşinji topar bolsa ümsümlikde ýagny sessiz ýagdaýda işlemeli edilipdir.

Alymlaryň ýüze çykaran netijesine görä, aýdym-saz diňleýän toparlardaky adamlar iş mahaly diýseň täsin pikirleri orta atypdyrlar.

Ritter we Fergusonyň aýtmagyna görä, soň olar aýdym-sazyň "köp görnüşli pikirlenmäge" we "has köp dykgat talap edýän" işlere ýetirýän täsirini öwrenipdirler.

Alymlar, sadyýan klassik aýdym-sazyň "täze ideýalary" talap edýän işlere diýseň oňaýly täsir edýändigini ýüze çykarypdyrlar.

Ylmy däl-de ýönekeý sada dil bilen aýdylanda, eger edýän işiňiz täze ideýalary we döredijiligi talap edýän bolsa, onda ony hökman aýdym-sazly ýerine ýetiriň.

Ýöne, juda çylşyrymly hem has köp dykgat talap edýän işbilen meşgullanýan bolsaňyz, onda iň gowusy sessiz, ümsümlikde işlemekdir.

XS
SM
MD
LG