Sepleriň elýeterliligi

Batyr Berdiýewiň türmede ýazan goşgulary daşary ýurtda çapdan çykdy


Batyr Berdiýew, "Olary diri görkeziň" saýtynyň fotosuraty

15-nji sentýabrda Warşawada, ÝHHG-nyň ýyllyk adam hukuklary maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri Batyr Berdiýewiň türkmen türmesinde ýazan goşgularynyň rus we iňlis dillerinde "Hoşlaşyk aýdymy" diýen at bilen çap edilen kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy.

Batyr Berdiýew, Hoşlaşyk aýdymy
Batyr Berdiýew, Hoşlaşyk aýdymy

Bu barada “Gündogar” saýty we “Olary diriň görkeziň” kampaniýasynyň saýty habar berýär.

Batyr Berdiýew 2002-nji ýylyňdekabrynda tussag edilmezinden öň Türkmenistanyň Awstriýadaky, Slowakiýadaky we Çehiýadaky ilçisi, şeýle-de Türkmenistanyň ÝHHG-daky wekili bolup işledi.

Ol 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast ediş synanyşygy diýilýän iş boýunça aýyplanyp, 2003-nji ýylyň ýanwarynda 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Şondan bäri onuň nirede we nähili ýagdaýda saklanýandygy barada garyndaşlaryna hiç zat aýdylmady.

Batyr Berdiýewiň türmede ýazan goşgularynyň 2002-nji ýylyň dekabrynda we 2003-nji ýylyň martynda golýazma görünşinde syzyp çykandygy aýdylýar.

Goşgular ýygyndysy “Olary diri görkeziň” kampaniýasy tarapyndan, Türkmenistanda zorlukly ýitirim edilenlere raýdaşlyk esasynda çapa taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG