Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Aşgabat-2017”: Müňlerçe okuwçy mejbury tomaşaçy bolar


Köpçülikleýin çärä barýan okuwçylar.
Köpçülikleýin çärä barýan okuwçylar.

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän V Aziýa oýunlaryna ýeterlik derejede tomaşaçy gelmeýändigi sebäpli, paýtagtyň mekdeplerinden müňlerçe okuwçy mejbury ýagdaýda ýaryşlara getirlip başlandy.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda ýörite permana gol çekip, Aşgabadyň orta we ýörite mekdepleriniň okuwçylaryny “Aşgabat-2017” oýunlarynyň geçýän günlerinde, 18-nji sentýabrdan 28-nji sentýabra çenli nobatdan daşary dynç alyşa ugradypdy.

Şu gün bolsa, ýagny 19-njy sentýabrda ir bilen Aşgabadyň “Andalyp” köçesinden “Saparmyrat Türkmenbaşy” şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Olimpiýa toplumyna müňlerçe okuwçynyň barýandygyny habarçylarymyz aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan mekdep mugallymlarynyň sözüne görä, düýn, duşenbe güni Bilim ministrliginden mekdep müdirlerine jaň edilip, her mekdepden azyndan 120 okuwçynyň tomaşaçy hökmünde oýunlara getirilmelidigi barada tabşyryk berlipdir.

Tomaşaçy-okuwçylara ýolbaşçy bolup bellenilen jogapkär mugallymlar Olimpiýa toplumyna gelen pursatlary, ol ýeriniň türkmen guramaçylarynyň bellenilen sanawdaky okuwçylaryň getirilip-getirilmändigi bilen gödek görnüşde hasabat sorandyklaryny aýdýarlar.

“Düýn okuwçylaryň öýlerine jaň edip, olary şu gün oýunlara tomaşaçy edip getirmelidigimiz barada tabşyryk berdiler. Bellenilen ýere gelsegem, biz bilen minneti bar ýaly, gödek görnüşde hasabat sorap, öz okuwçylarymyzyň öňünde abraýymyzy peseltdiler” diýip, atlandyrylmasyzlygyny sorap paýtagtyň bir mekdebiniň mugallymy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna degişli türkmen resmilerinden, okuwçylary köpçülikleýin ýagdaýda tomaşaçy hökmünde çykarmak baradaky gyssagly tabşyrygyň näme bilen baglydygy dogrusynda hiç hili kommentariýa almak başartmady.

Emma Azatlyk Radiosynyň oýunlaryň guramaçylyk işlerinden habarly bir çeşmesiniň maglumatyna görä, oýunlara hatda öňünden bilet alanlar hem tomaşa etmäge gelmändirler.

Gepiň gerdişine görä bellesek, “Aşgabat-2017” oýunlaryna, 7-10 manat aralygynda satylan biletler aglaba ýagdaýda döwlet edaralarynyň işgärlerine mejbury ýagdaýda satylypdy. Resmi maglumatda 160 sany sport bäsdeşligi üçin, 600 müň çemesi biletiň satyljakdygy aýdylypdy.

“Bileti alanyň bilen hem, oýunlaryň özüne barmak üçin, görgi baryny görmeli. Men Tejenden Aşgabada geljek bolsam (welaýat belgili ulaglaryň paýtagta goýberilmeýändigi sebäpli), iki ýerde ulagy üýtgetmeli. Bir gije-gündizi 170 manada durýan myhmanhanada galmaga gurbum çatanok. Oýunlaryň geçýän ýerine barjak bolsaňam (sebite ulaglaryň goýberilmeýändigi sebäpli), 3-4 kilometr aralygy ýöräp geçmeli. Mundan gitmänim ýagşy” diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran Tejeniň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Mundanam başga, oýunlara öz islegi bilen tomaşa etmäge baranlaryň hem lapynyň keç bolup gaýdan gezekleriniň bardygyna üns çekilýär.

“Men erkin göreş bäsleşigine bilet alyp barypdym. Emma ýaryşyň başlamaly pursady, hiç hili düşündiriş berilmezden, bangladeşli pälwanyň orta çykmajakdygy yglan edildi. Şuňa meňzeş ýagdaýlaryň başga duşuşyklarda hem bolandygyny aýtdylar” diýip, özüni Yhlas atlandyran aşgabatly gürrüň berdi.

Galyberse-de, dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistana oýunlara tomaşa etmek üçin, daşary ýurtly myhmanlaryň gelip-gelmändigi, olaryň takyk sany barada häzirlikçe hiç hili maglumat berilmeýär.

Awtoritar prezident, ýurduň durmuşynyň ähli ugurlaryna kontrollyk edýär diýip bilinýän G. Berdimuhamedow “Aşgabat-2017” oýunlaryny Türkmenistany regiondaky rowaç ýurtlaryň biri we sport merkezi edip görkezmekde ulanmak isleýäne meňzeýär.

Emma adam hukuklaryny goraýjy guramalar bu sport çäresiniň giň gerimli hukuk bozulmalaryna alyp gelenliginden, şol sanda Aşgabatda müňlerçe adamyň jaýynyň ýykylmagyndan, türkmen häkimiýetleriniň garaşsyz sesleri basyp ýatyrmagyny dowam etdirmeginden alada bildirdiler.

XS
SM
MD
LG