Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň harbylary türgenleşiklerde 'ýalňyş' zarbaly wakany tassykladylar


'Zapad 2017' atly harby türgenleşiklere gatnaşýan Belarusyň harby dikuçary, Ružany şäheri, 17-nji sentýabr, 2017
'Zapad 2017' atly harby türgenleşiklere gatnaşýan Belarusyň harby dikuçary, Ružany şäheri, 17-nji sentýabr, 2017

Orsýetiň websaýtynda ýerleşdirilen wideoda harby dikuçardan ýalňyş atylan raketanyň maşklara syn edýän azyndan iki adamyň golaýynda partlandygy gökezildi we munuň Orsýetiň hem Belarusyň bilelikde geçirýän “Zapad 2017” atly harby türgenleşikleriniň dowamynda bolandygy aýdyldy. Emma munuň yzýany beýanat bilen çykyş eden harbylar wakanyň bolan wagtyny we adamlaryň ýaralanyp-ýaralanmandygyny mälim etmediler.

Özüniň Ýekaterinburg şäherinde ýerleşýändigini aýdýan 66.ru atly websaýtda 19-njy sentýabrda ýerleşdirilen wideoda ençeme ulaglaryň golaýynda ýöräp barýan adamlar we dikuçardan atylandygy aýdylýan raketanyň birnäçe ädimde harby ulaglaryň arasyna düşendigi görkezilýär.

66.ru websaýty ady agzalmadyk çeşmäni sitirleýär we iki adamyň agyr ýaralanandygyny we wakanyň “düýn, ýa-da bir gün ondan öň” bolandygy habar berýär, emma takyk güni agzamaýar.

Wideonyň peýda bolmagyndan soň birnäçe sagadyň dowamynda Goranmak ministrliginiň resmi websaýtynda hiç hili beýanat çap edilmedi. Emma Orsýetiň döwlet media serişdeleri Orsýetiň Günbatar harby okrugynyň metbugat-gullugyna salgylanyp, wideoda hakyky bolan wakanyň görkezilendigini we dikuçardan urlan zarbanyň hereketdäki raketany nyşana alandygyny habar berdiler.

XS
SM
MD
LG