Sepleriň elýeterliligi

Moskwada AK-47 awtomatyny döreden Mihail Kalaşnikowyň ýadygärligi açyldy


AK-47 awtomatyny döreden Mihail Kalaşnikowyň 7.5 metrlik ýadygärligi, Moskwa, 18-nji sentýabr, 2017

Orsýetiň häkimiýetleri AK-47 awtomatyny döreden Mihail Kalaşnikowyň ýadygärligini açdylar.

19-njy sentýabrda Moskwanyň merkezinde açylan Kalaşnikowyň ýadygärliginiň dikilmegini Orsýetiň medeniýet ministri Wladimir Medinskiý we döwlet tarapyndan dolandyrylýan “Rostek” harby-senagat guramasynyň ýolbaşçysy goldadylar.

Şahyrlar Wladimir Maýakowskiniň we Aleksandr Puşkiniň heýkellerinden daşda bolmadyk ýerde dikilen Kalaşnikowyň ýadygärligini onuň gyzy Ýelena Kalaşnikowa açdy.

Mihail Kalaşnikowyň döreden awtomaty dünýäde iň köp ulanylýan ýarag hasaplanylýar we onuň soňky 50 ýylyň dowamynda dünýäde bolan ähli konfliktlerde ulanylandygy aýdylýar. Dünýäde 200 million kalaşnikow awtomatynyň bardygy çak edilýär.

XS
SM
MD
LG