Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tillerson Eýran bilen ýadro ylalaşygyna üýtgetmeler zerur diýdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynda, Nýu Ýork, 19-njy sentýabr, 2017
ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynda, Nýu Ýork, 19-njy sentýabr, 2017

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson 19-njy sentýabrda “Fox News” agentligine beren interwýusynda prezident Donald Trampyň administrasiýasynyň 2015-nji ýylda Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyny goldamagy üçin oňa üýtgetmeleri girizmegiň zerurdygyny aýtdy.

Tillerson öz administrasiýanyň ylalaşygyň “soňy” bardaky şertler bilen baglylykda aýratyn aladalanma bildirýändigini, Eýranyň urany baýlaşdyrmak ýaly ýadro işlerini çäklendirmek boýunça şertleriň 10 ýyldan, ýagny 2025-nji ýylda möhletiniň dolýandygyny belledi.

Tillerson ylalaşygyň bu bölegini “iň uly kemçilik” diýip atlandyrdy.

Bir gün mundan öň prezident Donald Tramp BMG-niň Baş Assambleýasynda eden birinji çykyşynda Tähranyň režimini “gyrgynçylykly” diýip atlandyryp, tankyt etdi we “biz ylalaşygy berjaý edip bilmeris, eger-de ol ýadro programmasyny döretmek üçin mümkinçiligiň üstüni ýaşyrmagy üpjün edýän bolsa” diýdi.

XS
SM
MD
LG