Sepleriň elýeterliligi

Report: Tramp kampaniýasynyň başlygy Putine ýakyn rus tütjaryna maglumat hödürledi


Paul Manafort

Medianyň habar bermegine görä, Amerikan prezidenti Donald Trampyň prezidentlik kampaniýasynyň öňki başlygy öten ýyl kampaniýanyň gidişi hakda Kreml bilen ýakyn ilteşikde bolan bir orsýetli milliarderi maglumat bilen üpjün etmegi teklip edipdir.

Paul Manafort özi bilen orsýetli alýuminiý magnaty Oleg Deripaskanyň arasynda dellallyk edýän bir adama iberen e-mailinde: “Eger oňa hususy maglumatlar gerek bolsa, biz üpjün edip bileris” diýip ýazypdyr.

Amerikanyň “Waşington Post” gazetiniň, şeýle hem “Associated Press” habar gullugynyň bildirmegine görä, Manafortyň metbugat wekili e-mail alyşylandygyny tassyklaýar.

“Waşgington Post” Manafort bu e-maili özüniň öňki işgäri Konstantin Kilimnige iberipdir diýip ýazýar. Kilimnik hem Ukrainada syýasy maslahat meselesinde onuň bilen işleşen adam.

Manafort Kilimnikdan hususy maglumatlar baradaky teklibi Deripaska geçirmegi sorapdyr. Ýöne “Waşington Post” gazetiniň aýtmagyna görä, bu teklibiň Deripaska ýetip-ýetmändigi belli däl.

Tramp 2016-njy ýylyň iýulynda Respublika partiýasynyň milli gurultaýynda partiýanyň prezidentlige kandidatlygyny gazandy. Agzalýan e-mail hem şondan bir hepdeden öňräk iberilipdir. Şol wagt Trampyň kampaniýasynda geçirilýän gündelik operasiýalara Manafort ýolbaşçylyk edýärdi.

Medianyň bellemegine görä, bu e-mail Adalat departamentiniň ýörite maslahatçysy Robert Muellere gowşurylan on müňlerçe dokumetiň biri. Mueller Kongresiň birnäçe komiteti bilen birlikde Orsýet bilen Tramp kampaniýasynyň arasyndaky ilteşikler boýunça derňew işlerini alyp barýar.

Muelleriň edarasy bu barada beýanat bermekden boýun gaçyrdy. Manafortyň metbugat wekili Jason Maloni e-mailiň bardygyny tassyklasa-da, maglumat berilmändigini aýdýar.

Maloni bir beýanatda e-mail meselesini “zyýanly zat däl” diýip atlandyryp, bu özüne bergili müşderilerinden algysyny almak üçin Manafortyň eden tagallalarynyň biri diýdi.

“Waşington Post” Manafort bilen Kilimnigiň birnäçe e-mailinde puluň gürrüňiniň edilýändigini ýazdy. Manafort özüniň Gündogar Ýewropadaky öňki müşderilerine bergidar bolandygyny aýdýar.

Maloni hem: “2014-nji ýylda işi tamamlananyndan soňra jenap Manafortyň öňki müşderilerine bergili bolandygy hiç bir syr däl” diýýär.

E-maillerde ulanylan sözler bilkastdan aýdyňlaşdyrylmandyr. Manafort we Kilimnigiň tarapyndan Deripaskanyň ady agzalanok. Ýöne derňewçiler esasy böleklerde Deripaska salgylanylýandygyna ynanýarlar.

“Waşington Postyň” ýazmagyna görä, derňewçiler bir e-mailde ulanylan “gara işbil” terminiň Manafortyň öňki müşderilerinden alaryn diýip umyt edýän algysydygyna ynanýarlar.

Habar gullugy AP Manafortyň Trampyň kampaniýasyna goşulmazdan öň Deripaska gizlin işländigini we Gündogar Ýewropada syýasy maslahat üçin plan teklip edendigini habar berdi.

Deripaska habar gullugynyň bu aýdýanyny garalamak diýip atlandyryp, maý aýynda şikaýat bilen bir amerikan suduna ýüz tutdy.

Deripaskanyň bir sözçüsi hem “Waşington Postyň” e-maillere degişli maglumatlaryny “galp” diýip ret etdi. Kilimnigiň bolsa bu barada beren beýanaty entek ýok.

Orsýet amerikan saýlawlaryna garyşandygyny ret edýär, Tramp hem kampaniýasynda dildüwşügiň bolmandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG