Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň we Orsýetiň generallary Siriýada tötänleýin çaknyşyklaryň öňüni almak boýunça duşuşyk geçirdiler


Siriýada howa hüjümlerinde ýumrulan bina, Deir al-Zor

ABŞ-nyň we Orsýetiň generallary Siriýada “Yslam döwleti” toparyna garşy alnyp barylýan söweşlerde tötänleýin çaknyşyklaryň öňüni almak boýunça tagallalaryň çäginde ilkinji gezek ýüzbe-ýüz duşuşygyny geçirdiler diýip, Pentagon 21-nji sentýabrda aýtdy.

Pentagonyň bu maglumaty Orsýetiň Birleşen Ştatlara duýduryş berip, eger Siriýanyň hökümet güýçleri ABŞ tarapyndan goldanýan kürt söweşijileriniň pozisiýalaryndan oka tutulsa, özüniň dessine jogap berjegini aýtdy.

“Olar ýüzbe-ýüz gepleşik geçirdiler, kartalary we grafikalary düzdüler” diýip, ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda YD toparyna garşy göreşýän koalisiýanyň Bagdatdaky metbugat-wekili goşun polkownigi Ryan Dillon Pentagonda brifingde aýtdy.

Dillon Siriýada rus we amerikan guryýer goşunlarynyň bir-birine zyýan ýetirmegiň öňüni almak üçin soňky aýda hereketlerini telefon arkaly sazlaşdyrýandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG