Sepleriň elýeterliligi

Rohani Eýranyň raketa programmasyny dowam etdirjekdigini aýtdy


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň “howply raketalary” öndürmegi togtatmagy talap etmegine garamazdan, Tähranyň öz raketa programmasyny dowam etdirjekdigini we ýurduň harby ukybyny artdyrjakdygyny aýtdy.

“Biz öz harby kuwwatymyzy saklaýyş faktory hökmünde artdyrarys. Biz öz raketa mümkinçiliklerimizi güýçlendireris” diýip, Rohani 1980-1988-nji ýyllaryň eýran-yrak urşunyň hatyrasyna 22-nji sentýabrda Tahranda geçirilen harby paradda aýtdy. “Biz öz ýurdumyzy goramak üçin hiç kimden rugsat soramarys” diýip, Rohani belledi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 19-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda Eýrany terrorçylary goldamakda aýyplady we Tähranyň hökümetini “korrumpirlenen diktatura” diýip atlandyrdy. Şeýle-de, Tramp BMG-niň beýleki agzalaryny Eýran babatynda has berk herekete çagyrdy.

Donald Tramp dünýäniň iň täsirli alty ýurdunyň, şol sanda ABŞ-nyň Eýranyň ýadro programmasy boýunça baglaşan ylalaşygy barada sözlän sözünde Waşingtonyň “eger ylalaşyk ýadro programmasynyň döredilmegine mümkinçilik berýän bolsa, onuň bilen ylalaşyp bilmejegini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG