Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan bilen işleşen telekeçi $2 mln. möçberinde pul ýuwmakda aýyplanýar


Belarus telekeçisi Ernest Alekseýew (ortada), 2017
Belarus telekeçisi Ernest Alekseýew (ortada), 2017

Türkmenistan bilen işleşen belarus telekeçisi 2 million dollar möçberinde pul ýuwmakda aýyplanýar.

Belarusyň “news.tut.by” neşiriniň maglumatyna görä, aprel aýynda tussag edilen biznesmen Ernest Alekseýew Türkmenistana iberilen MAZ tehnikalarynyň tölegi bilen baglylykda degişli gurluşlaryň hasabyna $2 million çemesi serişde geçiripdir diýip, Belarusyň baş prokurory Aleksandr Konýuk Minskde “Galp telekeçilige we bikanun işewürlige garşy göreşe” bagyşlanan halkara konferensiýada aýtdy.

Ýöne baş prokuror häzir tussagda saklanylýan biznesmenden konfiskasiýa edilen emläkleriň ýetirilen zyýanyň öwezini dolardan azdygyny hem sözüne goşdy.

Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň Derňew komitetinden alan maglumatyna görä, Belarusyň Baş prokuraturasy 49 ýaşly Alekseýewe garşy ýurduň Jenaýat kodeksiniň 216-njy maddasynyň 2-nji bölümi, ýagny ogurlyk alamatlary bolmadyk emläk zyýanyny ýetirmek aýyplamasy boýunça iş açdy.

Türkmenistan belarus tehnikasyny yzygiderli we örän uly möçberlerde satyn alýar.

Metbugat maglumatlaryna görä, 2010 – 2016 ýyllar aralygynda Türkmenistana Minsk awtozawodyndan bäş ýarym müňden gowrak tehnikanyň iberilendigi, olaryň jemi bahasynyň $400 milliondan geçýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG