Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda iş alyp baran iri belarus telekeçisi tutuldy


Ernest Alekseýew (ortada) bina edilmeli Merkezi görkezýär.

Belarusda Türkmenistana uly möçberde tehniki enjamlaryny getiren telekeçi tussag edildi. “Ýaraw” holdinginiň direktorlar geňeşiniň ýolbaşçysy Ernest Alekseýewiň tussag astyna alnandygy penşenbe güni belli boldy.

Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň Derňew komitetinden alan maglumatyna görä, Belarusyň Baş prokuraturasy 49 ýaşly Alekseýewe garşy ýurduň Jenaýat kodeksiniň 216-njy maddasynyň 2-nji bölümi, ýagny ogurlyk alamatlary bolmadyk emläk zyýanyny ýetirmek aýyplamasy boýunça iş açypdyr. Häzir degişli derňewleriň alnyp barylýandygy-da mälim edildi.

Ýeri gelende ýatlatsak, “Ýaraw” kärhanasy Türkmenistanda 1997-nji ýyldan bäri işläp, ol “MAZ”, “Amkodor”, “GAZ”, “KRAZ” we beýleki kysymly ýörite hem ýolagçy tehnikanyň iri üpjünçisine öwrülipdi.

Tehnikanyň satuwy bilen birlikde, “Ýaraw” getirilen tehnikanyň serwis üpjünçiligi bilen hem meşgullanýardy.

2014-nji ýylda iki ýurduň arasynda Türkmenistanda, degişli serwis merkezini gurmak barada ylalaşylypdy. Umumy bahasy 10,5 milliona durýan we 22 müň m2 meýdanda ýerleşmeli bu merkezi 2015-nji ýylyň ahyryna çenli tabşyrmak planlaşdyrylypdy.

Alekseýew Merkeziň wagtynda gurlup gutaryljakdygyny, şeýle-de bular ýaly desgalaryň Türkmenistanyň her bir regionynda açmaga mümkinçiligiň bardygyny ynandyrsa-da, Merkez häzirki güne çenli bina edilmedi. Şol bir wagtda, 2010-2016-njy ýyllar aralygynda Türkmenistana Minskiniň awtozawodyndan 400 million dollaryk 5500 çemesi tehnika getirilipdir.

Geçen aý prezident Aleksandr Lukaşenkanyň Türkmenistana eden saparynyň çäginde, ýurda getirilen belarus tehnikasynyň serwis üpjünçiligini etjek Merkeziniň gurluşygynyň heniz hem dowam edýändigi barada maglumat berlipdi.

Bu aralykda, TUT.by neşiri Türkmenistandaky bazar ugrunda Alekseýewiň bäsdeşiniň dörän bolmagynyň mümkindigini çaklap, gozgalan jenaýat işini munuň bilen baglanyşdyrýar. Ýöne bu maglumaty başga garaşsyz çeşmeler arkaly ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG