Sepleriň elýeterliligi

Türkmen türgenleri Aziýa oýunlarynda umumy sanawda öňdeligi eýeleýär


Aziýa oýunlarynyň görkezijileri

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlary dowam edýär.

Türkmen mediasy Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýaryşlaryň ähli günleriniň netijesi boýunça jemi – 193 medal, şol sanda – 77 altyn, 54- kümüş we 62- bürünç medal gazanyp, umumy hasapda birinji orunda barýandygyny habar berýär.

Ýaryşlarda medal sany boýunça Türkmenistandan soňky orny goňşy Eýranyň ýygyndysy eýeleýär, ýagny olar 23-nji sentýabrdaky maglumatlara görä umumy 73 medal, 18 – altyn,14 – kümüş we 41 bürünç medal almagy başardylar.

Türkmen ýygyndysynyň iň kän altyn medaly guşakly göreş (36) we milli göreş (23) boýunça geçirilen ýaryşlarda alandygy aýdylýar.

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän V Aziýa oýunlary 27-nji sentýabrda tamam bolar.

XS
SM
MD
LG