Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň goranmak sekretary we NATO-nyň baş sekretary Kabula bardylar


ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis (ç) we NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg (s)

27-nji sentýabrda ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis we NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg öňünden yglan edilmedik sapar bilen Owganystanyň paýtagty Kabula bardylar diýip, NATO-nyň Aýgytly ýardam missiýasynyň metbugat-wekili aýtdy.

Içeri işler ministrligi Mattisiň we Stoltenbergiň uçmagyndan birnäçe sagat yzýany Kabulyň halkara aeroportunyň golaýynda alty sany raketanyň atylandygyny we bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” toparynyň öz üstüne alandygyny habar berdi. Hüjümiň yzýany heläkçilikler barada dessine habar berilmedi.

Mattis we Stoltenberg Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani, ABŞ-nyň harby ýolbaşçylary we NATO-nyň owgan harbylaryny türgenleşdirmek boýunça Aýgytly ýardam missiýasynyň agzalary bilen duşuşyk geçirerler diýip, kapitan William Salwin aýtdy.

Duşuşyklaryň esasy meselesiniň ABŞ-nyň şu aýda yglan eden Owganystan boýunça täze strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly boljagy çak edilýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň yglan eden täze strategiýasyna görä, ABŞ-nyň Owganystana goşmaça 3000 harbysyny ibermegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerini türgenleşdirmek üçin ýurtda ABŞ-nyň 11000 harbysy ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG