Sepleriň elýeterliligi

Nawalnyý orsýet häkimiýetleriniň oňa tarapdarlary bilen duşuşmaga päsgel berýändigini aýtdy


Alekseý Nawalnyý, Omsk

Orsýetli oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý 7-nji oktýabrda Sankt Peterburg şäherde öz tarapdarlary bilen duşuşyk geçirmek barada eden birnäçe ýüzlenmesiniň häkimiýetler tarapyndan ret edilendigini aýtdy.

27-nji sentýabrda prezidentlige dalaşgär Nawalnyý öz websaýtynda çap eden maglumatynda, şäheriň ýolbaşçylarynyň özüne duşuşyk geçirmek üçin köpçülikleýin üýşmeleňlere oňaýsyz çetki ýerleri teklip edendigini aýtdy.

Sankt Peterburgyň kanun we düzgün boýunça resmi wekili Andreý Krasnow Nawalnynyň taradarlaryny “prowokatorlar” diýip atlandyrdy we olaryň şäheriň merkezinde duşuşmagyna zerurlygyň ýokdugyny Moskwada ýerleşýän “Eho Moskwy” radiostansiýasyna aýtdy.

Nawalnyý şäheriň Marsowo pole meýdançasynda duşuşyk geçirmek üçin ýene bir gezek ýüzlenjegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG