Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä türkmenleriniň kino sungatyndaky problemalary


Çepden: Abdurrahman Düýeji, Hojaguly Narlyýew, Nurmuhammet Netjari we myhman zenanlar. Stambul, 28-nji sentýabr, 2017.
Çepden: Abdurrahman Düýeji, Hojaguly Narlyýew, Nurmuhammet Netjari we myhman zenanlar. Stambul, 28-nji sentýabr, 2017.

Türkiýäniň Stambul şäherinde 28-nji we 30-njy sentýabr günlerinde Türk dünýäsiniň dokumental filmleriniň festiwaly we bäsleşigi geçirilip, oňa Türkmenistandan daşarda ýaşaýan türkmen wekilleri hem gatnaşdy.

Kinofestiwalyň emin agzalaryna häzir Russiýa Federasiýasynda ýaşaýan tanymal türkmen sungat işgäri Hojaguly Narlyýew baştutanlyk etdi.

Azatlyk Radiosy bu festiwal we türkmen kinoçylarynyň problemalary barada Stambuldaky kinofilm festiwalynyň guramaçylarynyň biri, eýranly türkmen, häzir Türkiýäniň Trakýa uniwersitetinde işleýän alym Abdurrahman Düýeji, türkmensähraly kinoçy Nurmuhammet Netjari dagy bilen söhbetdeş boldy.

Gepleşigi diňläp, öz pikirleriňizi we tejribeleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Dünýä türkmenleriniň kino sungatyndaky problemalary
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:49 0:00

XS
SM
MD
LG