Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus hökümeti Türkmenistan bilen syýahatçylyk hyzmatdaşlygy proýektini oňlady


Wladimir Artykowyň "Nusaýdaky toý" kartinasy.
Wladimir Artykowyň "Nusaýdaky toý" kartinasy.

Rus hökümeti prezident Wladimir Putiniň Aşgabada resmi saparynyň öňüsyrasynda Türkmenistan bilen syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk ylalaşygy proýektini goldady.

ТАСС habar gullugynyň rus hökümetiniň saýtynda şenbe güni çykan habara salgylanyp ýazmagyna görä, premýer-ministr Dmitriý Medwedew syýahatçylyk hyzmatdaşlygy baradaky görkezmä gol çekdi.

“Ylalaşyk proýekti Orsýetiň we Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmegi, şol sanda bilelikdäkiproýektleri durmuşa geçirmegi, syýahatçylyk pudagyna maýa çekmegi, syýahat operatorlaryüçin informasiýa-tanyşlyk syýahatlaryny gurnamagy, syýahatçylyk boýunça hünärli kadrlary ýetişdirmegi, şeýle-de Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň çäginde hyzmatdaşlyk saklamagy öz içine alýar” – diýip, habarda bellenýär.

ürkmen häkimiýetleri soňky on ýylda syýahatçylygy ösdürmek, ýurda gelýän turistleri köpeltmek üçin uly tagallalaryň edilýändigini aýdýarlar, şol bir wagtda Türkmenistan syýahatçy wizasyny almagy iň kynlaşdyran ýurtlaryň hatarynda galýar.

XS
SM
MD
LG